Sport — üstünligiň açary

5 Iýul 2024
211

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň oňat dynç almaklaryny, olaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmeklerini, sport bilen meşgullanmaklaryny hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, «Sport — üstünligiň açary» atly ýaryşlar geçirildi. Sportuň futbol we stol tennisi görnüşleri boýunça guralan bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Ýaryşlaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şirin Halmyradowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.