"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Göreldeli zähmet — ýokary netije

Tomsuň gelmegi bilen welaýatymyzyň önümçilik kärhanalarynda işleriň ýene bir tapgyryna gyzgalaňly girişildi. Miwedir gök önümleriň bol döwründe iş depginini has-da ýokarlandyrýan kärhanalaryň biri-de Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň Kölaryk obasyndaky «Jeýhun» gök-miwe önümlerini gaplaýjy kärhanasydyr. Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan bu kärhanada taýýarlanylýan bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler indi birnäçe ýyldan bäri içerki bazarlarymyzda uly meşhurlyga eýedir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan kärhananyň işgärleri gök önümlerdir miwelerden dürli önümleri taýýarlamakda we gaplamakda iş badyny birjik-de gowşatmaýarlar. Kärhanada her möwsümde tebigy we adam saglygyna peýdaly bolan miwelerden müňlerçe şertli çüýşe gaplara şerbetler, şireler we mürepbeler gaplanylýar. Ilaty gündelik sarp edilýän önümler bilen üpjün etmekde yhlaslylyk görkezýän kärhananyň agzybir işgärleri şu ýylky miwe bolçulygyndan peýdalanyp, zähmet joşgunyny has-da artdyrýarlar. Olar şu günlerde erikdir alma gaplamak işini gyzgalaňly alyp barýarlar. Gaplamakda, esasan hem, 3 litrlik çüýşe gaplar ulanylýar. Welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän bu kärhanada şu ýylyň geçen bäş aýynda gazanylan görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 esse diýen ýaly ýokarlanandygy

«Abraýly önümiň» abraýly önümi

«Abraýly önüm» hususy kärhanasy ýurdumyzda telekeçilik işleriniň ösdürilmegine, haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Öý-hojalyk, ofis hem-de beýleki maksatlar üçin niýetlenen ýokary hilli mebelleri öndürijileriň biri bolan bu kärhana 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, geçen on ýyldan gowrak wagtyň içinde mebel önümçiligini kämilleşdirmekde uly tejribe toplady. Hususy kärhananyň «Abraýly önüm» diýlip atlandyrylmagy onuň öndürýän önümleriniň il içinde uly abraýa eýediginiň özboluşly subutnamasydyr. Kärhanada agaç bölümi, ýumşak mebeller bölümi, düşekçe bölümi hereket edip, olarda 20-den gowrak görnüşli ýumşak mebeller, birnäçe görnüşli düşekçe öndürilýär. Önümçilik kärhanasynda 70-e golaý adam zähmet çekýär. Olaryň her biri öz käriniň ussady.

Tagamy datly «Zam zam»

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan» ugur al­ýan müň­ler­çe te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň ara­syn­da Gu­wanç Saparowyň adyny ag­za­mak ýerliklidir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da «Zam zam» ady bi­len belli gaz­ly we gaz­syz, alkogolsyz iç­gi­ler te­le­ke­çi Gu­wanç Sa­pa­ro­wa de­giş­li­dir. Ol 2016-njy ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gö­rog­ly et­ra­by­nyň H.My­ra­dow adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de za­wo­dy işe gi­riz­ýär.

«MMB» haryt nyşan­ly aýak­gap­lar

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ýur­du­myz­da im­por­tuň or­nu­ny tut­ýan önümleri ön­dür­mek­de my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Hu­su­sy telekeçi Baýramsähet Meňli­ýew hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çä­gin­dä­ki Türkmenis­tanyň Senagatçylar we telekeçiler bir­leş­me­siniň agzalarynyň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasyn-da «MMB» haryt nyşan­ly aýakgaplaryň önümçiligi­ni ýo­la goý­dy. Geçen ýylyň aw­gustynda işe girizilen kär­hana Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Res­pub­li­ka­sy­nyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Önüm öndürmek üçin gerekli çig malyň agramly bölegi bolan deri «Aksuw» ho­ja­lyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki iri şahly mal­laryň deri önümlerini gaýtadan işläp çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasyndan alynýar. Kärhana doly güýjünde işledilende, bir aýda 5 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçiliklidir. 30 tö­we­re­gi iş­gär zäh­met çek­ýän kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän gö­ze ge­lüw­li we ra­hat aýak­gap­lar ýur­du­my­zyň äh­li söw­da no­kat­la­ryn­da amat­ly ba­halar­dan hö­dür­len­ýär.

«Nusga» syýa galamlary

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da ýer­leş­ýän «Gün­do­gar şöh­le­si» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti 2020-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Ol sy­ýa ga­lam­la­ry we mi­we­li bag­la­ry ýe­tiş­dir­mek­de öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň esa­sy önüm­le­ri­niň bi­ri-de, «Nus­ga» ha­ryt ny­şan­ly sy­ýa ga­lam­la­ry­dyr. Ady­na tüýs ky­bap gel­ýän nus­ga­lyk sy­ýa ga­lam­la­ry spi­ral, ýyl­ma­nak, üç­burç­luk, al­ty­burç­luk gör­nüş­ler­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Ýer­tu­da­na, bä­gül, jas­min ys­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan sy­ýa ga­lam­la­ry­nyň gök, ýa­şyl, gy­zyl, ga­ra reňk­le­ri bar. Ýo­ka­ry hil­li ýa­zu­wy üp­jün ed­ýän, her bi­ri 300 metr ýa­zuw ke­pil­lik­li sy­ýa ga­la­my­nyň uzyn­ly­gy 14,5 mm., ini 7,3 mm., ýa­zuw uju­nyň dia­met­ri 0,7 mm. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­me­ni­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, in­di­ki aýyň ahy­ry­na sy­ýa ga­lam­la­ry­nyň ýa­zuw uju­nyň dia­met­ri 1 mm. öl­çeg­dä­ki­le­ri-de ön­dü­ri­ler.

«Aýbölegiň» adygan önümleri

Her bir güni beýik özgertmelere beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde, hususy pudagyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň hususy pudagy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Bu pudaga berilýän yzygiderli kömek-goldawlardan, döredilýän amatly şertlerden ruhlanýan ýurdumyzyň telekeçileri we işewürleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde hem-de bazarlarymyzy we söwda nokatlaryny milli önümlerimiz bilen bolelin üpjün etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meretmuhammet Täçmuhammedowyň «Aýbölek» mebel fabrigi hem indi ençeme ýyldan bäri halkymyzyň öýlerini we döwrebap iş otaglaryny köp görnüşli mebeller bilen üpjün edip gelýär. Mebel fabrigi bu ugurda ýurdumyzda ilkinji bolup işe başlan kärhanalaryň biridir. Hususy mebel fabriginiň täze önümhanasy 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilipdi.

Lezzetli «Erteki»

Güneşli ýurdumyzda tomus paslynyň gelmegi bilen uly meşhurlyga eýe bolan süýji tagamly doňdurmalara bolan isleg has-da artýar. Tomsuň yssy howasynda jana tenekar şokoladly, wanilinli, maňyzly, limonly, almaly doňdurmalaryň dürli görnüşlerini iýmek has-da lezzetli. Doňdurmalar häzirki günlerde dünýäniň çar künjünde söýgüli tagamlaryň biri bolmak bilen, kiçi ýaşly çagalardan başlap, dürli ýaşdaky adamlaryň ählisi olary halaýarlar. Hususy telekeçilerimiz gözel paýtagtymyzyň dükanlarynda, söwda merkezlerinde, naharhanalarda doňdurmalaryň dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýärler. «Erteki» haryt nyşanly doňdurmalar hem islegli nygmatlaryň hatarynda durýar. Biz golaýda «Erteki» haryt nyşanly kärhananyň hünärmeni Gürnar Kazakowa bilen bu ýerde öndürilýän doňdurmalardyr süýt önümleri, alyjylaryň islegleri dogrusynda söhbetdeş bolduk: — Biziň kärhanamyz 2002-nji ýylda açyldy. Bu ýerde işine ökde hünärmenler işleýär. Kärhanamyzda öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, daşary ýurtlaryň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylandyr. Munuň netijesinde kärhanamyzda ildeşlerimiziň ösen isleglerine laýyk gelýän, ýokary hilli önümler öndürilýär. «Erteki» haryt nyşanly datly doňdurmalarymyz sanlyja ýylyň içinde uly meşhurlyk gazandy. Bu doňdurmalar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň söwda dükanlarynda giňden ýaýrandyr.

Döwrebap dokma toplumynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýeňil senagatyň ösüşinde eziz Diýarymyzda hereket edýän häzirki zaman dokma toplumlarynda alnyp barylýan guwandyryjy işler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Şeýle kärhanalaryň biri-de Babadaýhan dokma toplumydyr. Babadaýhan dokma toplumy dokma senagatynyň iň ýaş önümçilikleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň noýabr aýynda toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berlen innowasion tehnologiýaly häzirki zaman dokma toplumynyň işi bu gün barha ilerleýär. Ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata bölümlerini öz içine alýan toplumda ýaşlaryň ýüzlerçesi netijeli zähmet çekýär. Olar önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan dünýäniň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlaryny ezberlik bilen dolandyrmakda we işleri sazlaşykly alyp barmakda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi toplumda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna we olaryň ýokary ekologiýa talaplaryna, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyna şert döredýär.

Hususyýetçiler obasenagat toplumynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa, süýji tagamly gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. «Gündogar akymy» täzeçillikleriň gözleginde

«Ýakyndar» onlaýn dükany welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýola goýdy

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Sanly ulgamyň mümkinçilikleri biziň durmuşymyza giňden ornaşdy. Gündelik sarp edilýän azyk önümleri, hojalyk harytlary bilen bir hatarda awtoşaýlaryň onlaýn hödürlenilmegi biziň işimizi has-da aňsatlaşdyrdy. Awtoşaýlary bir elektron ulgamda ýerleşdirmegi başaran ilkinjileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy G.Rozyýewe degişli bolan «Ýakyndar» onlaýn dükanydyr.

Lezzete baý «Täze Aý»

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Tomus pasly geldigi köpleriň, aýratyn-da, körpeleriň küýsegli tagamy — doňdurma. Ýurdumyzda doňdurma önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze Aý» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanadyr.

Döwrebap binalara bezeg berýän «Ak hünji»

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine  2009-njy ýylda Mary şäherinde döredilip, senagat we oba hojalyk önümleriniň aýry-aýry görnüşlerini öndürmeklige ýöriteleşdirilen «Ak hünji» hojalyk jemgyýeti hem Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň içinde öz mynasyp ornuny tapdy.

«Hasar» täze önümlerini hödürledi

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine  2001-nji ýylda açylan «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň işläp başlanyna indi 21 ýyl dolýar. Çagalygymyzyň iň söýgüli süýjüleriniň öndürijisi bolan «Hasar» ýene kämilleşmegiň ýolunda. Ol indi täze önümleri bolan «Kofeçi», «Şokolad örtükli gawun kaky», «Näzli», şeýle hem «Nowruz» süýjüsiniň täze görnüşlerini öndürmäge başlady. Bu barada «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy S.Poladow gürrüň berdi. 100-e golaý önüm öndürýän kärhana müşderileriň islegini hemişe birinji orunda goýýar. Şonuň üçin-de, her bir alyjynyň islegini kanagatlandyrmak kärhananyň iň esasy maksady. Şu maksada gulluk edýän kärhana, täzeçe tagam — şokoladly gawun kakyny müşderilere hödürledi. Bu üýtgeşik tagam hemmeleriň göwnüne ýarady. Esaslandyryjynyň bellemegine görä, onuň düzüminde bir syr saklanýar: çagalygyň tagamy. Kiçijekkäk gawun tagamly sakgyjy halamaýanymyz ýokdur. Ine, bu gezek kärhana çagalygyň üýtgeşik tagamyny size gaýdyp, bermek isleýär.

Telekeçilere döwlet goldawy

Ýur­du­myz­da hu­su­sy işe­wür­li­giň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki or­ny bar­ha art­ýar. Te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi bu pu­da­gyň bar­ha ös­me­gi­ne, dün­ýä ba­za­ryn­da ta­nal­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi türk­men te­le­ke­çi­le­rin­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mej­lis­ler za­lyn­da «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň azyk sy­ýa­sa­ty: hal­ky­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na» at­ly ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Hü­nä­re söý­gi bo­lan­da

Or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry okuw mek­depleriniň birine gi­den­de-de Ser­dar bu kä­ri saý­lap ala­ryn di­ýip pi­kir et­män­di. Bu tö­tän­den bo­lup­dy. Mosk­wa­nyň in­for­ma­ti­ka we ara­gat­na­şyk teh­ni­ki uni­wer­si­te­tin­de oka­ýan wag­ty ol öz okuw ja­ýy­na go­laý ýer­de ýer­leş­ýän we­te­ri­nar aka­de­mi­ýa­nyň ta­ly­by bi­len ta­nyş­ýar. Tä­ze tan­şy­nyň okuw­dan boş wagt­la­ry aýak­gap tik­mek we abat­la­mak iş­le­ri bi­len meş­gul bol­ma­gy Ser­dar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Ol okuw­dan sy­pyn­dy­gy, dos­tu­nyň ýa­ny­na gat­nap, il­ki de­ri eý­le­me­gi, gön taý­ýar­la­ma­gy öw­ren­ýär. Soň­ra aýak­gap tik­me­giň we ony abat­la­ma­gyň in­çe tär­le­ri­ni ele al­ýar. Ser­dar ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lap, bir ugur bo­ýun­ça ýö­ri­te dip­lom­ly, ikin­ji bir ugur bo­ýun­ça-da taý­ýar hü­när­men bo­lup, dog­duk me­ka­na do­lan­ýar. Ýaş hü­när­men il­kin­ji zäh­met ýo­lu­na ikin­ji saý­lap alan ug­ry bi­len baş­la­ýar. Çün­ki şol dö­wür­de Ga­raş­syz ýur­du­myz­da hu­su­sy eýe­çi­li­ge ýol açy­lyp, ba­şar­ny­gy­ňa, uky­by­ňa gö­rä iş alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ser­dar paý­tag­ty­my­zyň «Gun­ça» hyz­mat ediş öýün­den kä­ren­de­si­ne ýer alyp, önüm­ha­na aç­ýar. Özi ýa­ly hü­när­men­le­riň kö­me­gi bi­len dür­li aýak­gap­la­ry tik­mek we abat­la­mak iş­le­ri­ni ýo­la goý­ýar. Ýur­du­m

«Altyn ýunusyň» islegli önümleri

Welaýatymyzyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli döwrebap kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. «Altyn ýunus» hususy kärhanasynyň Änew şäherindäki konditer önümçiligi boýunça kärhanasy hem şolaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de ilatymyzy öz önümlerimiz bilen üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlup, 2020-nji ýylda ulanylmaga berlen bu döwrebap kärhanada üstünlikli işler alnyp barylýar. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar bu ýerde süýjüdir kökäniň ýokary hilli, tagamly we islegli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň hünärmenleri bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini giňeltmekde mynasyp tagalla edýärler.

Ykdysadyýetde hususyýetçiligiň orny

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi, geljek döwür üçin öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, gazanylýan netijeler ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünliklerde hususy işewürleriň hem mynasyp goşandy bar. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary, döredýän amatly şertleri we maliýe goldawlary telekeçileriň netijeli işlemegine hem-de täze hususy önümçilikleriň döremegine amatly mümkinçilik berýär. Hususy işewürlerimiz ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda guş etiniň, ýumurtganyň, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýändigi hem muňa anyk bir mysaldyr. Döwlet Baştutanymyza ýokarda agzalan mejlisde ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin degişli düzümlere maliýe serişdelerini bölüp bermek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri maku

Bereketli saçaklaryň bezegi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Sapardurdy Nazlyýewiň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhanasynda täze iş orunlarynyň 30-a golaýy döredilip, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Ýyladyşhana toplumynda geçen ýyl pomidor hasylynyň 400 tonna golaýy ýygnalyp, içerki hem-de daşarky bazarlara ugradyldy. Geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerde Türkiýeden getirilen bulgar burçunyň tohumyndan ösdürilip ýetişdirilen şitiller ekildi. Biri-birinden reňkleri, tagamy, möçberi babatda tapawutlanýan bakja önümi mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, bereketli hasyl kemala geldi. Ýeri gelende aýtsak, ýyladyşhanada ekinler suwarylanda döreýän artykmaç suwlar ýörite akarjyklaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhananyň golaýyndaky 5 gektara ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar. Bagly meýdanda badam agajynyň 6 müň düýbi endigan boý alyp, olardan geljek ýyl ilkinji hasyla garaşylýar.

Işeňňir - işde belli

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri te­le­ke­çi­lik işi­niň giň ge­rim­li ös­dü­ril­ýän za­ma­na­sy bo­lup, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly ösüş­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Te­le­ke­çi­lik işi­niň aby­ny-ta­by­ny ele alan te­le­ke­çi­ler öz saý­lan ugur­la­ryn­dan kuw­wat­ly Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar we gel­je­giň asyl­ly mak­sat­la­ry­ny na­zar­lap iş­le­ýär­ler. Bi­zem go­laý­da «Dost­gur­lu­şyk» söw­da-önüm­çi­lik ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, tej­ri­be­li te­le­ke­çi Nur­mu­ham­met Me­re­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Işeň­ňir­li­gi söz ur­şun­da­nam äş­gär bo­lup du­ran te­le­ke­çi bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gi­miz ýaş işe­wür­ler we te­le­ke­çi­ler üçi­nem äh­mi­ýet­li bo­lar di­ýip umyt ed­ýä­ris. — Nurmuhammet, telekeçilik işine başlamak, onda-da gurluşykçy telekeçi bolmak aňsat bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa siz erjellik bilen bu işiň başyny tutmagyň hötdesinden gelipsiňiz. Söhbetimiziň başyny bu asylly işi ýola goýşuňyz, telekeçi bolmaga itergi beren ýagdaýlar baradaky gürrüňlerden başlaýalyň.

Ýertudana — ýokuma baý nygmat

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we höweslendirmek bilen bagly edilýän tagallalaryň netijesinde türkmen telekeçileriniň işleri barha rowaçlanýar. Hususy pudagyň wekilleri ýokary tehnologiýaly döwrebap ýyladyşhanalary gurduryp, gök-bakja önümleri ýetişdirýärler hem-de ildeşlerimiziň saçagynyň berekediniň artmagyna goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Rowşanowyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanasynyň işleri hem bu gün barha ilerleýär. Ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanada 2017-nji ýyldan bäri ýertudananyň ýokuma baý, datly görnüşleri ýetişdirilýär. Ýertudanany ýetişdirmäge niýetlenen ýöriteleşdirilen ýyladyşhananyň 0,6 gektar meýdanynda munuň üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr.