«Abraýly önümiň» abraýly önümi

21 Iýun 2022
1226

«Abraýly önüm» hususy kärhanasy ýurdumyzda telekeçilik işleriniň ösdürilmegine, haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Öý-hojalyk, ofis hem-de beýleki maksatlar üçin niýetlenen ýokary hilli mebelleri öndürijileriň biri bolan bu kärhana 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, geçen on ýyldan gowrak wagtyň içinde mebel önümçiligini kämilleşdirmekde uly tejribe toplady. Hususy kärhananyň «Abraýly önüm» diýlip atlandyrylmagy onuň öndürýän önümleriniň il içinde uly abraýa eýediginiň özboluşly subutnamasydyr.

Kärhanada agaç bölümi, ýumşak mebeller bölümi, düşekçe bölümi hereket edip, olarda 20-den gowrak görnüşli ýumşak mebeller, birnäçe görnüşli düşekçe öndürilýär. Önümçilik kärhanasynda 70-e golaý adam zähmet çekýär. Olaryň her biri öz käriniň ussady.

Arzuw GOÇMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.