Göreldeli zähmet — ýokary netije

22 Iýun 2022
1169

Tomsuň gelmegi bilen welaýatymyzyň önümçilik kärhanalarynda işleriň ýene bir tapgyryna gyzgalaňly girişildi. Miwedir gök önümleriň bol döwründe iş depginini has-da ýokarlandyrýan kärhanalaryň biri-de Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň Kölaryk obasyndaky «Jeýhun» gök-miwe önümlerini gaplaýjy kärhanasydyr. Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan bu kärhanada taýýarlanylýan bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler indi birnäçe ýyldan bäri içerki bazarlarymyzda uly meşhurlyga eýedir.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan kärhananyň işgärleri gök önümlerdir miwelerden dürli önümleri taýýarlamakda we gaplamakda iş badyny birjik-de gowşatmaýarlar. Kärhanada her möwsümde tebigy we adam saglygyna peýdaly bolan miwelerden müňlerçe şertli çüýşe gaplara şerbetler, şireler we mürepbeler gaplanylýar. Ilaty gündelik sarp edilýän önümler bilen üpjün etmekde yhlaslylyk görkezýän kärhananyň agzybir işgärleri şu ýylky miwe bolçulygyndan peýdalanyp, zähmet joşgunyny has-da artdyrýarlar. Olar şu günlerde erikdir alma gaplamak işini gyzgalaňly alyp barýarlar. Gaplamakda, esasan hem, 3 litrlik çüýşe gaplar ulanylýar. Welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän bu kärhanada şu ýylyň geçen bäş aýynda gazanylan görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 esse diýen ýaly ýokarlanandygy bellärliklidir. Ýagny, kärhanada geçen ýylyň bäş aýynda alma şiresiniň 170 müň şertli bankasy gaplanylan bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 505 müň şertli banka ýetirildi. Alma mürepbesiniň bolsa eýýäm 81 müň şertli bankasy satuwa taýýarlanyldy. Şeýle hem kärhanada her ýylda erik şerbetiniň we şiresiniň, käşir mürepbesiniň müňlerçe şertli çüýşe gaby taýýarlanylyp, alyjylara ýetirilýär.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.