"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýüpekçilik düşewüntli pudak

Jogapkärli möwsüm Babadaýhan etrabynyň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek möwsümini üstünlikli alyp barýarlar. Şanly ýylymyzda etrabyň ýüpekçileri 547 guty gurçuk tohumyndan 20 müň kilogram oňat hilli pile almagy maksat edinýärler.

Nygmat bolçulygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe welaýatymyzyň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi anyk subut edýär. Zähmetiň gaýnap joşýan günlerinde welaýatyň zähmetkeşleri her gününi, her aýyny üstünliklere besleýärler, halal, yhlasly zähmet çekmek bilen hemmelere görelde bolýarlar. Hut şonuň üçin olaryň alyn derinden önen azyk önümleri ak bazarlarymyzy bezemek bilen, halkymyz tarapyndan uly islege eýe bolýar. Taryhy ýylymyzyň geçen üç aýynda welaýatymyzyň etraplarynyň ýyladyşhanalarynda gök önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda hem uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň 597 müňden gowrak başy, dowarlaryň 3 million 226 müňe golaý baş

Daýhanlaryň zähmet üstünlikleri

Şu ýylyň has-da ygally gelmegi oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ekin işleriniň ilerlemegine itergi berdi. Ýagyş suwlary ýaşyl dona bürenip oturan däneli ekin meýdanlaryny suwarmakda, dökünler bilen iýmitlendirmekde we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň hem şu günler iş-aladalary has-da artdy. Etrabyň oba hojalykçylary şu ýyl gök-bakja önümleriniň bolçulygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Yhlasa — myrat

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde edermen pagtaçylar şu ýyl 1 müň gektar ýerde gowaça ekişini geçirdiler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2-si döredilip, olarda sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary sazlaşykly işledildi. Tamamlaýjy tapgyry dowam edýän gowaça ekişinde mehanizatorlardan Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew göreldeli zähmet çekip has-da tapawutlandylar. Şu ýyl welaýat boýunça gowaça ekişine hut şu daýhan birleşiginden başlanmagy hem ýöne ýerden däl. Çünki Aşyk Aýdyň piriň gadamy düşen bereketli meýdanlar daýhanlaryň yhlasyny myrada öwürýän sahawatly ýerlerdir.

Ösüş suwy tutulýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi biziň etrabymyzda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmakda etrabymyzyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gallaçy kärendeçileri tapawutlanýarlar. Olar pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 2 müň 420 gektar meýdanda bugdaý ýetişdirmegi maksat edinýärler. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti boýunça şu güne çenli 1 müň 157 gektar meýdanda ösüş suwy tutuldy. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi gije-gündizleýin dowam edýär. Ösüş suwuny kadalaýyk tutmak esasy talap bolup durýar. Bu işler hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde baý iş tejribesi bolan, geçen ýyl bugdaý hasylyndan ýokary netije alan gallaçy kärendeçiler Ötgürbek Allabergenow, Gülkamar Matkurbanowa, Ikram Babajanow her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işine ilkinjileriň hatarynda girişdiler.

Galla oragyna taýýarlyk

Ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Tejen etrabynyň zähmetkeşleri hem galla oragyna şu günlerden taýýarlyk görýärler. Oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly başlamak we bökdençsiz alyp barmak babatda kombaýnlaryň taýýarlygyna uly orun degişlidir. Etrap boýunça «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda galla orujy kombaýnlaryň 97-si we beýleki kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly derejede gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Tejen etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda göreldeli zähmet çekýän bejeriji ussalardan, mehanizatorlardan we degişli hünärmenlerden möwsümde galla orujy kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmakda Resul Ataýewiň, Mälikpälwan Babaýewiň, Hydyr Aşyrowyň netijeli işleri alyp barýandyklary guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işgärleri galla oragyna taýýarlyk işleriniň çäginde «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň göreldeli işçi hünärmenleri, bejeriji ussalary we mehanizatorlary bilen duşuşyp, olar bilen tehniki howpsuzlyk boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler.Olar duşuşyklarda öňde duran galla oragyna taýýarlykly barmak, möwsümde tehniki howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, ýokary öndürijilikli kombaýnlara aýawly garamak hem-de galla oragyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak bilen bagly işe mynasyp goşant goşmagyň ähmiýeti dogrusyn

Ekin eken eklener

Daýhançylygy kesp-kär edinen ata-babalarymyz ene topraga eklenç çeşmesi hökmünde garap, onuň her bir daban ýerini mukaddeslige deňäpdirler. Toprak bilen iş salşyp, onuň bilen bagry badaşan daýhanlaryň Güneşden nur alan nurana ýüzlerini synlanyňda göwnüň galkynýar. Şeýle adamlaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Annageldi Annaýewdir.

Topragyň bahar demi

5. Ýazda şabat joş urýar Ahala, Lebaba, Balkana, Mara seredeniňde, bu ýerlere bahar gijräk gelýär. Bir ujy gazak gyrlaryna sapýan Aýböwür taraplarda, Üstýurt belentlikleriniň eteklerinde dagy bahar burnuny bir aý çemesi giç görkezýär. Şonda-da Şabat ýakalaryndaky daýhanlaryň «Baharky meýdan işleri» diýlen tutuma irgözin girişendiklerini atyz gyrasyna baranyňda, derrew duýup bolýar.

Zyýankeşlere garşy göreş çäreleri

Güneşli Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleridir baglary zyýankeşlerden, kesellerden goramakda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň biolaboratoriýalarynda önjeýli iş alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan biolaboratoriýalarda öndürilýän bioönümler kärendeçileriň alyp barýan işinde uly ähmiýete eýe. Olar gowaçadyr bugdaýa we beýleki oba hojalyk ekinlerine howp salýan mör-möjeklere garşy giňden peýdalanylýar. Şeýle bioönümleriň biri-de altyngözlüjedir. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, ol meýdana goýberilenden soň, ekin üçin howply zyýankeşler bilen iýmitlenýär hem-de ýumurtga berýär. Türkmenistanda bugdaýyň esasy zyýankeşlerinden ýasmygy, sülükpisint gallaçy tomzagy, däne şirejesini, däne sowkasyny, bugdaý bitini, bürepisint ýaprakçy tomzagy bellemek bolar. Şularyň ählisine garşy altyngözlüjäniň liçinkasy ulanylýar. Biolaboratoriýalarda ony 20 — 25 günüň dowamynda bal bilen iýmitlendirip ýetişdirýärler. Zyýankeşlere garşy ulanylýan bu serişdäni gyş paslyndan başga wagty ulanyp bolýar. Eger-de howanyň derejesi 18 — 20 gradusdan geçmese, olary ekin meýdanlaryna goýbermek maslahat berilmeýär. Ony ýylda üç gezek, her gezekde 1 gektara 300 sanysyny ulanmak dogry hasap edilýär.

Hatarara bejergi geçirilýär

Möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlykly gelen Mary welaýatynyň hasyl ussatlary gowaça ekişine ýurdumyzda öňdäkileriň hatarynda girişdiler. «Ir ekilen ekiniň köki çuňa urar» diýlişi ýaly, ekiş geçirilen meýdanlarda eýýäm ýaşajyk gowaçalar hatar tutup ugrady. Kärendeçilerdir gaýry önüm öndürijiler topraga sepen gowaça tohumynyň kadaly ösüşini görüp-buýsanyp, ilkinji hatarara bejergi işlerine-de guramaçylykly girişdiler. Möwsümleýin çäreleriň aýny wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi üçin Mary «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bejergi traktorlarynyň hem-de gurallarynyň ýeterlik möçberi irgözinden taýýar edilip, gowaçalaryň ilkinji bejergi işleri Tagtabazar etrabynyň ekin meýdanlarynda ýokary depginde alnyp barylýar. Aýratyn ussatlygy talap edýän bu çäräni geçirmek köpýyllyk iş tejribesi bolan halypa mehanizatorlara ynanylypdyr. Olaryň yhlasly zähmeti netijesinde, ekin meýdanlarynda işler barha gyzyşýar. Edermen pagtaçylar möwsümde 162 müň gektarda gowaça ekmegi meýilleşdirip, häzir ekiş bilen bejergi işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

MELE MEÝDANYŇ AK SOGANY

Ilersinde gojaman Köpetdagyň alagarly gerişleri seleňläp duran, gaýrasynda Garagumuň guba çägeleri ýaýraw tutan meýdanyň beýle ýap-ýaşyl bolup ýatyşyny gör-le! Günçykar gapdalynda lummurdaýan kiçeňräk ýabyň köçe gyrasyna ekilen miweli agaçlar indi gülüni döküp ugrapdyram weli, şonda-da edil älemgoşar ýere gaçan ýaly. Aňyrsy gözýetim bilen sepleşýän meýdan bolsa ýaşyl don geýdirilene çalymdaş. Ýok, daşdan şeýle görünýär. Suw barýan salmasyndan ätläp, çilinden geçýärsiňem weli, toprak göterip oturan hasyl. Özem hersi ýumrukdan uly ak soganlar: «Hany, gel, meni gopar!» diýýäne meňzeş. Hawa, öseriniň dik ujy tümmerip, baldaklaram joýa tarap ýatypdyr. Diýmek, sogan doly ýetişipdir. Indi «Gyssagyň özüň bilen» diýleni. Ine-gana synlap durkaňam, sogan hakda bilýän, eşiden zatlaryň ýene hakyda dolup gidýär.

Oba hojalygynyň batly gadamlary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen ýurdumyzda oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegi, ýerden netijeli peýdalanylyp, ekinlerden bol hasyl alynmagy, şeýlelikde, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, täze düzümleriň — Türkmenistanyň Azyk senagaty, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, «Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşikleriniň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsi boldy. Täze kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewür gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezile

Bugdaýyň bol hasyly ugrunda

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Üstümizdäki ýylda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri häzirki meýdan işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde, ösüş suwuny tutmakda etrabyň “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler öwgä mynasypdyr. Agzalan hojalyklaryň göreldesine beýleki hojalyklaryň daýhanlary hem eýerýärler.

Kümüşsöw çäjiň ilkinji kilogramlary

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri her ýyl möwsümde ýüpek gurçugyndan bol pile öndürmegi başarýarlar. Olar geçen ýyl hem 916 gap ýüpek gurçugyny idedip, 35 müň 600 kilogramdan geçirip, çig mal öndürmegiň hötdesinden geldiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşiginiň ýüpekçileriniň öňde goýan maksatlary has-da belent. Olar 916 gap gurçuk tohumyndan meýilnamada görkezilen 31 müň 500 kilograma derek 36 tonna pile öndürmegi maksat edinýärler.

Ataly-ogluň maksatlary bir

Çärjew etrabynda ene toprakdan bol hasyl almagy başarýan ussat kärendeçileriň uly topary zähmet çekýär. Daýhançylygyň maşgala kesbine öwrülen ýerleri hem bar. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Bahram Şirow hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, daýhançylyk bilen meşgullanmagyny dowam etdirýär. Mundan kyrk ýyl ozal häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlan ýaşulynyň durmuş ýolunyň köp bölegi «Lebap» daýhan birleşigi bilen baglanyşykly geçipdir. Ol üç ýyllap hojalygyň agronomy bolup işläpdir. Şondan soň otuz ýyldan gowrak wagtlap topar ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekipdir. Şol ýyllaryň dowamynda gowaça ekilsin ýa-da bugdaý, tapawudy ýok, öňde goýlan wezipeleri artygy bilen berjaý edip gelipdir. Ömrüni ene ýeriň hyzmatyna bagyşlan ýaşuly pensiýa çykanyndan soň hem iki elini gowşuryp oturyp bilmändir. Daýhan birleşiginden iki gektar ýeri kärendesine alyp, onda ekin çalşygyna laýyklykda bugdaý, gowaça ýetişdiripdir. Hemişe bolşy ýaly, onuň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmedik ýyly ýok.

Sähralarda çopan yhlasy görünýär

Welaýatymyzyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu jogapkärli möwsümde Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary hem aýratyn tapawutlandylar. Şu günlerde maldarlar dowarlara, şeýle hem ösdürilmäge galdyrylan owlak-guzulara göwnejaý ideg edýärler. Çopanlaryň iş keýpleri oňat. Möhüm möwsümi netijeli jemlän maldarlar gazanylan netijelerden göwünleriniň hoşdugyny begenç bilen buşlaýarlar. Uzak örüdäki çopanlar armasyny ýetirmäge gelýän myhmanlary hemişe ýitirip-tapan ýaly garşylaýarlar welin, bu gezek möhüm möwsümiň üstünlikli tamamlanan günlerine gabatlap gelen adamlary has-da gadyrly garşyladylar. Maldarçylyk hojalygynyň tohumçylyk boýunça zootehnigi Hanjar Ýarow olaryň işi barada gürrüň berýän mahalynda «tallymerjenlileriň» ilkinjileriň hatarynda pellehana gelendiklerini sözüne goşýar. Çopanlar ene dowarlardan owlak-guzy almak meýilnamalaryny Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygyndan soňra ikinji bolup ýerine ýetiripdirler. Bu ýerde 20-30 ýyl iş tejribesi bolan halypalaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olar yssyda-sowukda mallaryny bakmagyň usullaryny gowy bilýärler. Dowarlardan owlak-guzy almagy we beýleki möwsümlerde öz iş tejribelerini, ussatlyklaryny ýerlikli ulanmagy hem başarýarlar.

Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan

Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrundaky işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şonuň netijesinde, şu günlerde idegi ýetirilýän bugdaý düýpleri günsaýyn boý alyp, atyz-meýdanlara bezeg berýär. Belli bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl 695 gektar meýdanda bu ugurda iş alyp barýarlar. Şeýlelikde, birleşik boýunça gallaçylykda zähmet çekýän 313 kärendeçiniň haýsy birine berkidilen meýdanda ýaşyl öwsüp, köpüň ünsüni çekip oturan bugdaý düýplerini synlasaň hem edilýän yhlasyň ýerine düşýändigini görmek bolýar.

Gowaça ekişi öndürijilikli barýar

Oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm bolan gowaça ekişi Köneürgenç etrabynda hem üstünlikli dowam edýär. Etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1275 gektar ýerde ekiş geçirip, «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy maksat edinýärler. Irki ekişiň ýokary hasyl almagyň gözbaşy bolup durýandygyna oňat düşünýän ýer eýeleri bu jogapkärçilikli möwsümi gysga möhletde amala aşyrmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Daýhan birleşiginde kärendeçiler toparynyň 15-si bolup, häzirki wagtda Dowul Dolanowyň ýolbaşçylygyndaky 9-njy hem-de Gurbangeldi Arazowyň baştutanlygyndaky 10-njy kärendeçiler toparlarynda gowaça ekişi has ýokary depginde dowam edýär. Pagtaçy kärendeçileriň arasynda Döwlet Mamalakow, Mährijemal Artykowa, Tirkeş Arazow, Ýagmyr Ýagmyrow ýaly toprak bilen iş salyşmakda tejribesi ýetik, gowaçadan bereketli hasyl almakda köplere görelde görkezýän guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Ekişe taýýar edilen ýerleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyk sürmekde, ekiş geçirmekde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary Şyhmyrat Myradow, Baýramgeldi Halbaýew, Baýram Geldiýew, Hydyr Gulamow dagy aýratyn gaýratlylyk görkezýärler.

Ýüpekçilik

Jogapkärli möwsüme badalga berildi Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň ýüpekçilik möwsüminde welaýatymyz boýunça 500 tonna ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulyp, oňa derwaýys taýýarlyk işleri öz wagtynda geçirildi. Düýn welaýatymyzyň ýüpekçilerine öňde duran möwsümde idetmek üçin ýaş gurçuklar paýlanylyp başlandy. Munuň üçin gurçuk tohumlaryny örüzmek boýunça hereket eden 67 sany merkezde ähli zerur şertler döredildi. Olarda jemi 13690 guty ýaş gurçuklary paýlamak bellenilip, bu iş ilkinji günden ýokary guramaçylyga eýe boldy. Şonuň netijesinde bu möhüm çäre ýakyn günlerde doly tamamlanar.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Bugdaý — meýdanlaryň ýaraşygy Halkymyzda bugdaý uly iliň soltany hasaplanyp, ony ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gallaçylygy ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Işlemäge, bol hasyl ýetişdirmäge döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde gallaçy daýhanlar ak ekiniň — bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzirki günlerde bugdaýyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna görä üstünlikli dowam etdirýärler.