Ýüpekçilik

24 Aprel 2024
491

Jogapkärli möwsüme badalga berildi

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň ýüpekçilik möwsüminde welaýatymyz boýunça 500 tonna ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulyp, oňa derwaýys taýýarlyk işleri öz wagtynda geçirildi. Düýn welaýatymyzyň ýüpekçilerine öňde duran möwsümde idetmek üçin ýaş gurçuklar paýlanylyp başlandy. Munuň üçin gurçuk tohumlaryny örüzmek boýunça hereket eden 67 sany merkezde ähli zerur şertler döredildi. Olarda jemi 13690 guty ýaş gurçuklary paýlamak bellenilip, bu iş ilkinji günden ýokary guramaçylyga eýe boldy. Şonuň netijesinde bu möhüm çäre ýakyn günlerde doly tamamlanar.

Ýörite habarçymyz.