Türkmenistan — sport ýurdy
«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.