Ýeň­şe bar­ýan ýol

10 Maý 2024
424

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Şol ýa­ryş­lar­da öz il­de­şi­ňi gö­re­niň­de, sport oý­nu­nyň haý­sy gör­nü­şi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ba­şyn­dan ahy­ry­na çen­li to­ma­şa edip, ne­ti­jä sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­syň.

Ýe­ňiş mün­ber­le­rin­de türk­men tür­gen­le­ri­ni, ola­ra me­dal gow­şu­ryl­ýanyny, Döw­let se­na­my­zyň as­tyn­da ýa­şyl Tu­gu­my­zyň be­len­de ga­lyp bar­ýa­ny­ny gö­re­niň­de öz ýa­nyň­daň, «Be­re­kel­la» diý­ýär­siň. Ine, şeý­le tür­gen­le­riň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň be­den taý­ýar­ly­gy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Nur­ber­di­han Oraz­mäm­me­dow­dyr. Ol ýa­kyn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 90+ kg ag­ram de­re­je­sin­de ýur­du­my­zyň çem­pio­ny bol­dy.