Sport – üs­tün­lik­le­re ça­gy­ryş

10 Maý 2024
389

Ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş şy­gar­la­ry­myz­dan ugur alyp, ýaş­la­ry­my­zyň dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan ýurt we hal­ka­ra de­re­je­ler­dä­ki üs­tün­lik­le­ri­niň do­wam­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin bi­möç­ber iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da türk­me­nis­tan­ly ýaş tür­gen­ler iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar­lar, ata Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl tu­gu­ny as­man­da par­lad­ýar­lar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýä we spor­ta bar­ha hö­wes­len­ýän­di­gi­ni, ola­ryň spor­ta bo­lan hö­we­si­niň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny görkezýär.

Paý­tag­ty­myz­da döwlet Baştutanymyzyň gat­naş­ma­gyn­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ge­çi­ri­len­di­gi­ni, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça şol gün paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Dog­ru­dan-da, ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Äh­li se­bit­ler­de ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man sport-sa­gal­dyş we at­çy­lyk sport top­lum­la­ry, kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri, beý­le­ki ugur­daş des­ga­lar gu­rul­dy. Mun­dan baş­ga-da, paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk, sa­gal­dyş hem-de anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Mu­ňa anyk my­sal­la­ryň bi­ri hök­mün­de tä­ze­çil çöz­güt­ler esa­syn­da gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­ni gör­kez­mek bo­lar. Bu şä­her­de kö­pu­gur­ly sport top­lu­my, suw sport top­lu­my, 10 müň orun­lyk sta­di­on gur­lup, ýur­du­my­zyň il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­ri­niň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky baş mü­dir­li­gi dö­re­dil­di.

Han­jar NUR­GEL­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň Mer­ke­zi ser­het­çi­ler has­sa­ha­na­sy­nyň luk­ma­ny, luk­man­çy­lyk gul­lu­gy­nyň leý­te­nan­ty.