Saýlaw uçastoklarynyň 2577-si saýlawçylar üçin gapylaryny açdy

12 Mart 2022
558

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 2577-si, şol sanda Ahalda 364, Balkanda 272, Daşoguzda 523, Lebapda 559, Maryda 549, Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastogy döredildi. 12-nji martda irden sagat 07:00-da saýlaw uçastoklary saýlaw hukukly raýatlar üçin gapylaryny giňden açdy.

Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.