Tebigatyň waspçylary

4 Mart 2021
1088

Türkmen sährasy äpet türkmen halysyny ýadyňa salýar. Haly bolsa türkmeniň kalby hasap edilýär. Bahar aýlarynda Garagum sährasyny synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Gül-gülälekli meýdanlar beden üçin — dem, hassa üçin — derman.

Tebigat — bu biziň umumy öýümiz diýýäris. Onuň gözelligini goramak bolsa biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Ýeli Gürgeniň» goşgularynda türkmen tebigatyny, gör, nähili joşup wasp edipdir.

Maýagözel ÝAKUBOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň gözegçisi.