«Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy...»

29 Awgust 2024
80

Golaýda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Magtymgulynyň goşgularynda saglygyň söhbedi» atly amaly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen amaly maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Olarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň saglyk we onuň gadyr-gymmaty baradaky şygyrlarynyň ähmiýeti barada bellenildi. Beýik akyldaryň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» , «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükür kyl ýagşy» ýaly setirleriniň, «Çilim», «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly şygyrlarynyň okalmagy maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.

Ata GURBANGYLYJOW,
Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň bölüm müdiri.