Dünýäniň iň uly ýaşly ynsany hasaplanýan Mariýa Branýas Morera 117 ýaşynda aradan çykdy. Ömrüniň ahyryna çenli Ispaniýada ýaşan Morera 1907-nji ýylyň 4-nji martynda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde dünýä inipdir. Moreranyň maşgalasy X akkaundynda: «Mariýa Branýas aramyzdan gitdi. Ol isleýşi ýaly: ukudaka, rahat ýagdaýda we gynanman gitdi» diýip ýazdy.
Geçen ýyl fransiýaly zenan Lýusil Randon aradan çykandan soňra, 100 ýaşdan ulularyň maglumatlaryny tassyklaýan Gerontologiýa barlag topary Moreranyň dünýäniň iň uly ýaşly ynsanydygyny mälim edipdi. Morera şu ýylyň martynda 117 ýaşapdy.