Hytaýda «Midong» atly dünýäniň iň uly Gün elektrik stansiýasy işe girizildi. Ýurduň Sinszýan etrabynyň demirgazyk-günbatarynda, Urumçiniň golaýynda ýerleşýän 3,5 GWt kuwwatly bu toplum 133,5 inedördül metr meýdany eýeleýär we 5,26 milliondan gowrak monokristally ikitaraplaýyn Gün panellerini öz içine alýar. Döwlete degişli «China Green Electricity Investment of Tianjin» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen bu taslama 15,45 milliard ýuandan gowrak (2,13 milliard dollar töweregi ) maýa goýuldy.
«Gün elektrik stansiýasy her ýylda 6,09 milliard kWt/sagat elektrik öndürmäge ukyplydyr. Bu möçberdäki elektrik energiýasy 9 million ilatly Papua-Täze Gwineýanyň ätiýaçlyklaryny kanagatlandyrmaga ýeterlikdir» diýip, bilermenler belleýärler. Şonuň ýaly hem bu möçber bir ýylda 2 million elektroulagy işletmäge ýeterlikdir.