Täsirli geçen duşuşyk

24 Iýun 2024
319

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky tikin fabriginde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen bagtyýar ýaşlar» şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan guralan duşuşyga agzalan fabrikde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Duşuşykda täze taryhy döwrümizde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäginde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar hakda gürrüň edildi. Çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn belläp geçdiler.

Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.