Jogapkärli möwsüm

19 Iýun 2024
326

Şu günler hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde gulluk möhletini tamamlan çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ätiýaçlyga ugradyş dabaralary bilen bir hatarda, harby gulluga gadam basýan ýaş esgerleriň harby bölümlerde garşylanyş dabaralary-da gyzgalaňly dowam edýär. Gulluk möhletini tamamlap, ätiýaçlyga ugradylýan esgerlere geljekki durmuşlarynda ak ýollaryň ýaran bolmagy we tutan maksatlaryna gowuşmaklary arzuwlanyp, olaryň gullukda aýratyn tapawutlananlaryna Hormat hatlary, ene-atalaryna Minnetdarlyk hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Çagyryş boýunça harby gulluga gadam basýan ýaş esgerlere bolsa, harby gulluk durmuşynyň aýratynlyklary bilen bir hatarda, harby bölümleriň taryhy, söweşjeň däp-dessurlary, Watan goragynda şöhratly pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklary baradaky gyzykly gürrüňler berilýär.

Allamyrat ÝALKANOW,
podpolkownik.

Ejegül ESENOWA,
maýor.