Ajaýyp kitaplary okap...

19 Iýun 2024
271

Gadymy medeniýetiň şöhraty

2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda güneşli Diýarymyzyň gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Sebäbi, munuň özi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köp asyrlyk baý medeni mirasyna goýulýan belent sarpa şaýatlyk edýär. Şeýle guwançly günlerde hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy il-günümiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk boldy.