1,5 milliondan gowrak musulman haj parzyny berjaý etmek üçin saud arabystanyna bardy

16 Iýun 2024
223

Şu ýyl musulman senenamasy boýunça Gurban aýynda haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanynyň Mekge şäherine dünýäniň dürli künjeklerinden 1,5 milliondan gowrak musulman zyýaratçy bardy. Bu barada «Associated Press» ýazýar.

Agentligiň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynyň Hökümeti şu ýyl haj parzyny berjaý etmek üçin gelýän zyýaratçylaryň sanynyň 2 milliondan hem geçip biljekdigini çaklaýar.

Taýýarlan: Arslan ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.