Zyýaratyňyz kabul bolsun!

10 Iýun 2024
327

Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem musulman dünýäsinde Gurban aýynyň başlanmagy bilen mukaddes Käbä haj parzyny berjaý etmäge gidýän ildeşlerimiziň sany barha artýar. Şu günler isleg bildirýän ildeşlerimiziň ençemesi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite uçar gatnawlary arkaly haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna gidýärler.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurbanlyk günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan, şonuň ýalyda Arkadag şäherinden bolan zyýaratçylaryň ençemesi dünýäniň çar ýanyndan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşulyp, mukaddes Käbä — Mekge — Medinä baryp, musulmançylyk däpdessurlaryny berjaý edýärler.

Şamyrat HALMYRADOW,
«Watan».