"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Tehnikalar gözden geçirilýär

2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bereketli däne hasyly kemala gelip, gallaçylaryň päk zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly ýygnamagyň jogapkärli möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Şu taýýarlyk işlerinde galla oragy günlerinde ulanyljak däne orýan kombaýnlary, taýýarlanan hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary we tirkegli traktorlary möwsüme kemsiz taýýarlamak möhüm wezipe. Galla oragynda işlediljek tehnikalaryň tehniki guratlygyny we olarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen olar gözden geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri Sakarçäge etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda geçirildi. Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat işi boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Toýly Babaýew, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Mary etrap ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Röwşen Orazgeldiýew bilen ýokarda ady agzalan önümçilik kärhanasynda galla oragyna taýýarlanan tehnikalary tehniki we ýangyn howpsuzlyk babatda gözden geçirdiler. Barlagyň barşynda ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda ýokary hilli düzetmek maslahat berildi.

Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi

Ýakynda TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrapdaky 38-nji orta mekdebiň guramagynda “Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrapdaky 10-njy, 19-njy, 38-nji orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Mähri Saparowa, etrapdaky 38-nji orta mekdebiň müdiri Arslan Amatyýew, şol mekdebiň taryh mugallymy Döwletmyrat Täşliýew çykyş etdiler.

Dabaraly maslahat

Arkadagly bagtyýar lukmanlar Ýakynda şeýle at bilen Mary şäher iç keselleri hassahanasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary, ak ýektaýly lukmanlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Maşgalam — baş galam Golaýda TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda “Maşgalam — baş galam” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň saglyk we bilim ulgamynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, etrap medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar.

Akyldara bagyşlanan dabara

Golaýda TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komiteti bilen bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 93-nji orta mekdepde «Magtymgulynyň döredijiligi, şygarlary dünýäniň göwher hazynasydyr» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary, jemgyýetçilik guramalaryň hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ylmy-amaly maslahatlaryň birnäçesiniň bolandygyny we olaryň aglabasynyň akyldar şahyrymyza bagyşlanandygyny bellediler. Şeýle hem iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň 2024-2025-nji ýyllarda dünýä derejesinde bellenmegi meýilleşdiren çäreleriniň sanawynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň görkezilmeginiň tutuş adamzady guwandyrandygyny nygtadylar. Dünýä akyldarynyň edebi mirasynyň eýýäm üç asyr bäri Ýer ýüzüniň ähli neslini ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, tebigata söýgi, halallyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen aýtdylar. Maslahatyň dowamynda mekdep okuwçylary tarapyndan şahyryň köňüllerde orun alan şygyrlaryndan labyzly okaldy we aýdymlar aýdyldy.

Halkara ylmy maslahat geçirildi

Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň II bölümi geçirildi. «Magtymguly we onuň döwri» ady bilen geçen maslahata daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň alymlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, talyplary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diňe bir türkmen edebiýaty üçin däl-de, eýsem, dünýä edebiýat söýüjileri üçin hem ähmiýetlidigini bellediler. Şeýle hem ylmy maslahata gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

Edep-ekram durmuşymyzyň bezegi

Golaýda TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň etrabyň Zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mekdepde «Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap merkezinde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary, ýokary synpda okaýan okuwçy gyzlary, mährem eneler gatnaşdy.  Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlerimiz barada edýän bimöçber aladasy, olaryň sosial we durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan işler dogrusunda buýsançly sözler aýtdylar.

Ýüwrük bedew aýlawlarda tanalar

Düýn Lebabyň atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşyklary hakyky ýüwrük bedewleri ýüze çykaryp, tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ylmy-usuly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi, Bilim ministrligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga ýygnanan bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýdular, ussat mugallymy, watançy esgeri hatyraladylar, soňra mekdepdäki ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördüler.

Adam hakdaky alada

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň meýilnamalaýyn işleriniň çäginde Sarahs etrabynda ilata kanunçylygy düşündirmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan wagyz-nesihat duşuşygy hem munuň subutnamasydyr. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda üstümizdäki şanly ýylda ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işler, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada durlup geçildi, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalanýandygy hakda aýdyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilýän kanunlaryň üstünde durlup geçilmegi we olaryň düşündirilmegi has-da täsirli boldy.

“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany dabara gatnaşýanlaryň öňünde çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde geçirilýän bu dabara bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

«eKassa» ykjam programmasy – AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) AGPJ-niň hyzmatlary üçin töleg geçirmek «eKassa» ykjam programmasy bilen has aňsat we amatly boldy. Indi AŞTU-nyň müşderileri telefon, internet we IPTV hyzmatlarynyň töleglerini artykmaç güýç sarp etmezden töläp bilerler. «eKassa» ykjam programmasy astu.tm saýtynda elýeterli bolan köp hyzmatly «Şahsy otag» platformasynyň ýönekeýleşdirilen görnüşidir. Esasy tapawut, arzada hasaba alynmak üçin ýörite şahsy şahsyýet koduny talap etmeýär. Jübi telefon belgiňizi görkezmeli.

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Bodo ŞEFER

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Deýl KARNEGI

Medeniýet — dostluk köprüsi

Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, dünýäde ynsanperwerligi wagyz edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýäde giňden wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragy ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka diňe bir ildeşlerimiziň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreklerinde hem buýsanç döretdi. Çünki bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bilen bir hatarda ençeme halkyň şahyrlarynyň heýkellerini görmek bolýar. Bu hem medeniýetiň, söz sungatynyň halklary dostlaşdyrýan gymmatlykdygyny aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä ýaýylýar, köp sanly ylmy işler, makalalar çap edilýär. Bularyň ählisi akyldar şahyryň eserlerini öwrenmekde hem, dünýä ýaýmakda hem uly işlerdir, bahasyna ýetip bolmajak wagyz-nesihatdyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri

Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy bolsa şahyryň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 17-nji maýda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gah

Köňül kelamy

Häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat-sarpa goýulýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň milli medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä ýaýylýar. Munuň şeýledigine 17-nji maýda bütin adamzat nesline nusgalyk eserleri miras goýan akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde gurlan bu medeni-seýilgäh toplumy türkmen halkynyň beýik şahyryna bolan synmaz söýgüsiniň subutnamasydyr. Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylmagy ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Bu şanly wakalara öz ildeşlerimiz bilen bilelikde, daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. Uzaklardan seleňläp görünýän türkmen şahyrynyň heýkeli her bir watandaşymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda bina bolan şahyryň heýkeli dürdäne eserleri miras goýan akyldaryň dünýädäki belent mertebesini alamatlandyrýar.

Akyl­dar da­na­nyň aja­ýyp heý­ke­li

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asylly işleriniň hor­mat­ly Prezidentimi­z tarapyndan mynasyp dowam edilmegi netijesinde Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men jem­gy­ýe­tin­de ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän sö­ze ga­dyr-gym­mat goý­mak, söz us­sat­la­ry­ny sar­pa­la­mak däp­le­ri döw­let de­re­je­sin­de ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa 18-nji maý­da paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta­syn­da­ky gö­zel kün­jek­le­riň bi­rin­de, Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki be­lent ge­riş­de dikilen da­na Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aja­ýyp heý­ke­li hem aý­dyň my­sal­dyr.

Hat­ly buk­ja­lar ha­bar ber­ýär

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler ra­ýat­la­ry­my­zy diýseň gu­wan­dyr­ýar. Olar öz­le­ri­niň ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny re­dak­si­ýa­my­za ýol­lan hat­la­ry ar­ka­ly bi­ziň bi­len paý­laş­ýar­lar. Ge­liň, şol oky­jy­la­ry­myz we ola­ryň ýol­lan hat­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň.