Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry

19 Maý 2024
674

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy bolsa şahyryň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 17-nji maýda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyzyň ösüşleri jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýar, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesillerimiziň halkymyzyň şöhratly taryhyna, däp-dessurlaryna, medeni-ruhy gymmatlyklaryna bolan buýsanjyny artdyrýar.

Mahym MAHTYMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar