Medeniýet — dostluk köprüsi

19 Maý 2024
390

Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, dünýäde ynsanperwerligi wagyz edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýäde giňden wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragy ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka diňe bir ildeşlerimiziň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreklerinde hem buýsanç döretdi. Çünki bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bilen bir hatarda ençeme halkyň şahyrlarynyň heýkellerini görmek bolýar. Bu hem medeniýetiň, söz sungatynyň halklary dostlaşdyrýan gymmatlykdygyny aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä ýaýylýar, köp sanly ylmy işler, makalalar çap edilýär. Bularyň ählisi akyldar şahyryň eserlerini öwrenmekde hem, dünýä ýaýmakda hem uly işlerdir, bahasyna ýetip bolmajak wagyz-nesihatdyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr. Akyldar şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ähli ildeşlerimizi we dünýä halklaryny buýsandyran bu taryhy waka — «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pikirlerinden gözbaş alýar.

Täjibaý TAŇRYBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar