Adam hakdaky alada

20 Maý 2024
249

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň meýilnamalaýyn işleriniň çäginde Sarahs etrabynda ilata kanunçylygy düşündirmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan wagyz-nesihat duşuşygy hem munuň subutnamasydyr.

Edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda üstümizdäki şanly ýylda ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işler, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada durlup geçildi, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalanýandygy hakda aýdyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilýän kanunlaryň üstünde durlup geçilmegi we olaryň düşündirilmegi has-da täsirli boldy.

Süleýman NURYÝEW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar