Akyldara bagyşlanan dabara

20 Maý 2024
377

Golaýda TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komiteti bilen bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 93-nji orta mekdepde «Magtymgulynyň döredijiligi, şygarlary dünýäniň göwher hazynasydyr» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary, jemgyýetçilik guramalaryň hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ylmy-amaly maslahatlaryň birnäçesiniň bolandygyny we olaryň aglabasynyň akyldar şahyrymyza bagyşlanandygyny bellediler. Şeýle hem iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň 2024-2025-nji ýyllarda dünýä derejesinde bellenmegi meýilleşdiren çäreleriniň sanawynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň görkezilmeginiň tutuş adamzady guwandyrandygyny nygtadylar. Dünýä akyldarynyň edebi mirasynyň eýýäm üç asyr bäri Ýer ýüzüniň ähli neslini ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, tebigata söýgi, halallyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen aýtdylar. Maslahatyň dowamynda mekdep okuwçylary tarapyndan şahyryň köňüllerde orun alan şygyrlaryndan labyzly okaldy we aýdymlar aýdyldy.

Allambergen BERDIŞUKUROW,
TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar