"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gymmatly eser

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň uly ähmiýeti bardyr. Şu şatlykly günlerde şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularyny özünde jemleýän «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gündogaryň beýik akyldar şahyry, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edilýän döwürde «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy ildeşlerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Söwda toplumynda «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

23-nji maýda Söwda toplumynyň binasynda TürkmenistanyňYlymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan «Magtymguly» ady bilen taýýarlanylan beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Söwda toplumynyň düzümindäki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, edebiýat we sungat işgärleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Wise-premýer «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýäniň edebiýat sahnasynda giňden wagyz edilmegi üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda belläp, munuň Gündogaryň beýik akyldaryna goýulýan sarpadan nyşandygyny nygtady.

Söwda toplumynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

20-nji maýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy Gurbanmämmet Rejepowyň alyp barmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, şeýle hem degişli partiýa guramalaryň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdiler.

Tebigatyň roýy siňen sungat

Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümlerine bagyşlanan dabara geçirildi.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň oturdylmagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen sözleriniň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýär. 41 gektar meýdana ýaýylyp gidýän medeni-seýilgäh toplumynda beýikligi 60 metre ýetýän Magtymguly Pyragynyň äpet bürünç heýkeli ussat şahyr Kerim Gurbannepesowyň şygyr setirlerini biygtyýar ýada salýar: Ýöne bir uly däl, juda uly sen,

Döwrebap mümkinçilikler döredilýär

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys» diýip belläp geçýär. Bu ruhlandyryjy paýhasly setirler harby gullukçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, harby gulluklaryny pugta ýerine ýetirmegine uly itergi berýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlislerinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzümi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçýär. Şoňa görä-de, Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky merkezlerde, bölümlerde, ähli gümrükhanalarda, barlag-geçiriş ýerlerinde, gümrük nokatlarynda täze tehnologiýalar, akylly enjamlar işjeň peýdalanylýar.

Pyragynyň şygyrlary ýüreklere ýol salýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralary diňe bir ata Watanymyzyň çäklerinde däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä ýaýylýar. Şygyr bilen şany äleme dolan şahyra goýulýan hormat, akyldaryň hatyrasyna guralýan dürli medeni maksatly çäreler döwrüň ruhuny asmana göterýär diýsek has ýerine düşer. Çünki bu gün täze eýýamyň galkynyşyny başdan geçirýän halkymyz Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýar. Hut şu bagtyýarlygy, ajaýyp zamananyň gadyr-gymmatyny akyl eleginde eläp, paýhas bilen düşünmek üçin bolsa, Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okamak, ony ýürek bilen aňlamak gerekdir. Bu şygyrlar türkmen milletiniň asyrlarboýy eden umytlarynyň goşga salnan görnüşidir. Bu şygyrlar türkmeniň synmaz ruhunyň beýanydyr. «Magtymguly sözüm azdyr, şerhi köp» diýýän setirleri bilen çuňňur pelsepä ýugrulan akyl akabasyny beýan edýän ussat umumadamzat ruhy gymmatlygyna, ynsan kalbynyň öçmejek nuruna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz beýik dana bagyşlan şygrynda «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» diýmek bilen, şahyry has belent derejelere göterýär.

Bil Geýts tomusda okajak kitaplarynyň sanawyny yglan etdi

Däp bolşy ýaly, tomus dynç alşynyň öňüsyrasynda Bill Geýts özüniň şu tomusda okamagy meýilleşdirýän kitaplarynyň sanawyny paýlaşdy. Meşhur milliarder tarapyndan bu ýylky saýlanan kitaplar, esasan, jemgyýete hyzmat etmek temasyna degişli neşirler. Hususan-da, sanawdan, Kirstin Hannanyň «Zenanlar» romany, Kris Andersonyň «Ýokuşgan sahylyk», Sel Hanyň «Batyrgaý täze sözler» kitaby, Dewid Bruksuň «Adamy nädip tanamaly» kitaby orun alypdyr.

Ýewropanyň iň arassa şäherleriniň sanawy düzüldi

Beýik Britaniýanyň «HAYPP» kompaniýasy tarapyndan Ýewropanyň iň arassa we hoşboý ysly şäherleriniň sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda Gresiýanyň paýtagty Afiny yklymyň iň arassa we hoşboý ysly şäheri hökmünde ykrar edildi. Afiny sanawda mümkin bolan 10 utukdan 83 utuga laýyk görlüpdir. Sanawa Ýewropanyň 30 sany şäheri gatnaşdy. Sanawy düzüjileriň bellemeklerine görä, Afiny şäherinde her 10 inedördül kilometrde 31 sany gül we 22 sany parfýumeriýa dükany hereket edýär. Afinydan başga-da, sanawyň ilkinji onlugyndan degişli yzygiderlilikde, Pariž (Fransiýa), Sýurih (Şweýsariýa), Dublin (Irlandiýa), Lýuksemburg (Lýuksemburg), Nikosiýa (Kipr), Kopengagen (Daniýa), Buharest (Rumyniýa), Walletta (Malta) hem-de Amsterdam (Niderlandlar) orun aldy.

Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda şenbe güni iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň raýatlarynyň halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuw-usulyýet geňeşiniň meşjlisi boldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuw-usulyýet geňeşiniň meşjlisi geçirildi. Bu geňeş Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär mekdepleriniň başlangyjy boýunça döredildi. Politehniki orta hünär mekdebiniň mugallymlary talyplara sapak bermegiň usullaryny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, geçilen sapagy berkitmäge ýardam berjek interaktiw oýunlary we bäsleşikleri guramagyň netijeli boljakdygy bellenildi.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mümkinçilikleri hödürlendi

Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirildi. Halkara sergä ulag we aragatnaşyk toplumynyň edaralary — «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri we beýleki degişli pudaklar hem öz diwarlyklary bilen çykdylar.

Watansöýüjiligiň çeper waspy

Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky saýlama tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan döredijilik işleriniň sergisi köp adamly boldy. Çagalaryň dürli mowzukda çeken suratlary oňa gatnaşan mekdep okuwçylarynda, talyplarda hem-de ýaşuly nesliň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda saýlanan döredijilik işleri welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda seljerildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we welaýat, şäher Medeniýet müdirlikleriniň wekillerinden ybarat bolan ýörite topar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna hödürlenen işlere baha berip, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden bäş sany iň gowy döredijilik işini saýlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bäsleşikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbi, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli gymmatlyklarymyza, şol sanda ahalteke bedewlerine bolan söýgi çeper beýan edilýär.

Çagalar biziň geljegimizdir

Ynha, ýaş nesliň arzyly möwsümi bolan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwri hem golaýlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Watanymyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda çagalaryň bilim, terbiýe, dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we bilim edaralarynda maslahatlar geçirilýär. Bu maslahatlarda möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeginde — Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminde körpe nesillerimiziň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar hem-de ähli şertler döredilýär.

Aýdym-sazly çäreler guraldy

Ýurdumyzda 25-nji maý güni uly dabara, şatlyk-şowhuna beslendi. Ol gün umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli jemlenmesiniň nyşany «Soňky jaň» dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň güni uly ruhubelentlik bilen bellenildi. Orta mekdeplerdäki «Soňky jaň» dabarasy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirildi. Oňa mekdepleriň okuwçylary, uçurymlar, mugallymlar we ene-atalar işjeň gatnaşdylar. Şu ýyl umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary döwlet we halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara işjeň gatnaşdylar. Munuň şeýledigine oňat görkezijiler, has takygy, okuwçylaryň gazanan ýeňişleri, üstünlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şatlykly pursatlar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri barada edilýän alada hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak, arzuwlaryny amala aşyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Röwşen geljegimiz ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, okaýarlar, öwrenýärler. Bagtyýar ýaşlar özlerine bildirilýän ynama mynasyp iş bilen jogap bermek üçin täze tehnologiýalara, kompýuterlere ökdelik bilen erk edip, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, türkmen ylmyny dünýä ýaýýarlar. Muny olaryň gazanýan ýokary netijeleri-de görkezýär. 2023 — 2024-nji okuw ýyly bilim işgärleri, mugallymlar, şeýle hem bilim

Kämilligiň aýdyň ýolunda

Eziz ýurdumyzda mähriban ýaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan beýik işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta, bedenterbiýä çekmekde we olary berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly, lebze ygrarly edip ýetişdirmekde ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň paýyna hem uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa harby gullukçylarymyzdan ylymly-bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny artdyrmak boýunça degişli işler ýokary derejede geçirilýär. Harby gullukçylaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň Merkezi edarasynyň okuw bölüminiň binýadynda döredilen baý kitaphananyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary we ata Watanymyzyň häzirki bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly teswirlemeler, gazet-žurnallar bar. Gullugymyzyň bu kitaphanasy ýurdumyzyň harby ösüşini,

Syýahatçylygyň şöhratly menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň belent maksatlara batly ösüşler bilen gadam basmagy ýaş neslimiziň bagtyýar geljege ynamyny berkidýär. Türkmenistan ýurdumyz geografiýa taýdan amatly, Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, dünýä jahankeşdeleriniň iň arzyly ýurdy hasaplanýar. Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşiniň häzirki tapgyry taryhy, geosyýasy, medeni, ykdysady, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýagdaýlaryna baglylykda dünýä syýahatçylygynyň çägini giňeltmekde hem wajyp orun eýeleýär.

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!

Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen okuwçylar tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlanýarlar. Bu möwsüm çagalar üçin has jogapkärçilikli döwürleriň biridir. Bu döwürde ata-eneleriň çagalaryny hemişe gözegçilikde saklamagy zerur şertleriň biridir. Şeýle döwürde çagalaryň boş wagtlary köp bolup biler. Şonuň üçin hem köçe-ýol gatnawynda olaryň ýanynda hossarlarynyň bolmagy möhümdir, sebäbi köpçülikde köçe-ýol hereketiniň kada-kanunlarynyň doly we dogry berjaý edilmegi hemmämiz üçin zerurdyr. Ata-eneleri çaganyň köçeden nähili geçmelidigini, awtoulaglaryň haýsy gapysyndan düşmelidigini, ýanýodalardan ýöremelidigini olaryň aňyna ýetirip durmaly. Ýol hereketiniň wakalary bilen baglanyşykly howpsuz düzgünler barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi ýerlerde wagyz-nesihat çärelerini guraýar. Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 7-8-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda bäsleşik geçirildi. Her bir guralýan bäsleşikleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýetli, maksatly taraplary bar. Has takygy, çagalara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamak, çagalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz, medeniýetli

«Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 2024-nji ýy­lyň 20-nji ma­ýyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zi­niň mej­lis­ler za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň — be­ýik şa­hy­ryň saý­la­nan eser­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa Mej­li­siň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, kä­bir mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, ylym, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar gat­naş­dy­lar.