Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!

26 Maý 2024
298

Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen okuwçylar tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlanýarlar. Bu möwsüm çagalar üçin has jogapkärçilikli döwürleriň biridir. Bu döwürde ata-eneleriň çagalaryny hemişe gözegçilikde saklamagy zerur şertleriň biridir. Şeýle döwürde çagalaryň boş wagtlary köp bolup biler. Şonuň üçin hem köçe-ýol gatnawynda olaryň ýanynda hossarlarynyň bolmagy möhümdir, sebäbi köpçülikde köçe-ýol hereketiniň kada-kanunlarynyň doly we dogry berjaý edilmegi hemmämiz üçin zerurdyr. Ata-eneleri çaganyň köçeden nähili geçmelidigini, awtoulaglaryň haýsy gapysyndan düşmelidigini, ýanýodalardan ýöremelidigini olaryň aňyna ýetirip durmaly.

Ýol hereketiniň wakalary bilen baglanyşykly howpsuz düzgünler barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi ýerlerde wagyz-nesihat çärelerini guraýar. Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 7-8-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda bäsleşik geçirildi. Her bir guralýan bäsleşikleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýetli, maksatly taraplary bar. Has takygy, çagalara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamak, çagalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz, medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek hemmämiziň borjumyzdyr.

Begenç ORAZOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar