Döwrebap mümkinçilikler döredilýär

27 Maý 2024
191

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys» diýip belläp geçýär. Bu ruhlandyryjy paýhasly setirler harby gullukçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, harby gulluklaryny pugta ýerine ýetirmegine uly itergi berýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlislerinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzümi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçýär. Şoňa görä-de, Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky merkezlerde, bölümlerde, ähli gümrükhanalarda, barlag-geçiriş ýerlerinde, gümrük nokatlarynda täze tehnologiýalar, akylly enjamlar işjeň peýdalanylýar.

Nurmyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar