Çagalar biziň geljegimizdir

26 Maý 2024
523

Ynha, ýaş nesliň arzyly möwsümi bolan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwri hem golaýlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Watanymyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda çagalaryň bilim, terbiýe, dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we bilim edaralarynda maslahatlar geçirilýär. Bu maslahatlarda möhüm wezipeler kesgitlenilýär.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeginde — Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminde körpe nesillerimiziň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar hem-de ähli şertler döredilýär.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar