"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Pähimdar pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň biri hem terbiýe mekdebidir. Bu gymmatlyk ata-babalarymyzyň nesillere, ýaşlara aýratyn üns berendigini, olaryň kämil şahsyýetler bolmagy üçin aladalanandygyny aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgäni dowam etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek mukaddes borjumyzdyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, baý edebi gymmatlyklary, halk döredijiligi bar. Halk döredijilik eserleri durmuşyň baý tejribesinden mysal getirilip, çeper söz bilen paýhasyň beýan edilmegidir. Şeýle paýhasy özüne siňdiren nakyllar hem, atalar sözi hem her bir ynsan üçin ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Rowaýatlar hem halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, çeper sözde beýan edilýär. Umuman, halk döredijilik eserleriniň her biri ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geçýän okuw sapaklarymyzda, esasan hem, edebiýat dersinde halk döredijilik eserlerine, nakyllara aýratyn üns berýäris. Okuwçylara her bir nakylyň manysyny, durmuşda gelýän aňlatmasyny düşündirýäris. Munuň özi terbiýeçilik ähmiýetli bolmak bilen bir hatarda okuwçylaryň söz baýlyklarynyň artmagyna, sözleýiş medeniýetine düşünmeklerine oňat täsir edýär. Aslynda hem okuwçylaryň dil baýlyklarynyň ösdürilmegi medeni sözleýişleriniň binýadydyr. Şonuň üçin hem diňe bir türkmen dili sapaklarynda däl, eýsem, edebiýat sapagynda hem eserleri okatmak, nakyllary aýtdyr

Syrgynyň Orazgül enesi

Diwanyň üstünde oturan ene gyňajynyň ujuny gasyn basan gözlerine ýetirende, aglaýandyr öýdüp, ýüregim gobsunyp gitdi. Ýanaşyk oturyşyma, oňa golaý-golaý süýşenimi duýman galdym. Onýança gyzy Maýa gelneje: — Ejem jan garraýamy, nämemi, öý-içerimiz adamdan dolup, şatlyk-şowhun artyberse, begenjinden gözlerini ýaşlaberýär — diýip, degişme bilen gürledi. Soňra ejesiniň ýüzüne bakyp:

«Agaýunus periniň» gözellikleri

Ýaş gelin bilen ýetginjek gyzyň ikisiniň hem elinde birmeňzeş ýantorbasy bardy. Olaryň içinde zenan köýneginiň bardygy bildirip durdy. Ýantorbalaryň ýüzündäki «Agaýunus peri» atelýesi. Köneürgenç şäheri» diýen ýazgy ünsümizi çekdi. Muny duýan gelin düşündirmäge durdy:  — Tikinçilik öýünden gelýäs. Jigimiň toýy bar. Uýalar bolup, hemmämiz birmeňzeş toý köýnegini geýeli diýip, bir hepde mundan öň sargyt etdik. Şular ýaly ýörite gaba salyp berýän ekenler — diýip, gelin sözüniň üstüni ýetirdi:

Ýassykdaşy tikmegiň usuly

Ýassykdaşy tikmek üçin gerekli zatlar: - mata;

Bilerin diýseňiz...

Eger eşikleriňiz geýim asgyjyndan typyp, zol-zol gaçyp durýan bolsa, geýim asgyjyna ýumşak we tüýjümek hilli ýüplügi sarap goýsaňyz, asla gaçmaz. * * *

Öý bikesi öwrense...

Käşirli işdäaçar Gerekli önümler: 200 g käşir, 200 g hyýar, 50 g gaýmak, gök otlar, ýaş sogan, islege görä duz, burç.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Dekabr 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Bu döwürde hamallar erkini elden bermän, özlerini rahat alyp barsalar, üstünlige barýan ýol has-da ýakynlaşar hem-de hamallaryň durmuşynda şowly günler köp bolar. Ulumsylyk, men-menlik ýaly häsiýetler hamallara ýaraşmaz. Bir maksat tutunyp, diňe şony amala aşyrmak üçin sabyrly hereket etmegiňiz gerek. Dynç günleriňizde-de tapyljak ownuk işlerden boýun towlamaň. Olar size girdejiňizi artdyrmaga itergi berer. Ýöne ony birden harçlamakdan saklanyň. Olar size geljek aýda has möhüm zatlary edinmegiňiz üçin gerek bolar. Bu aýda esasy ýaltalyga ýol bermeseňiz, egniňize gonjak «bagt guşuňyz» uçup gitmez. Ýakynlaryňyz, daş-töweregiňiz, işdeşleriňiz bilen mylakatly boluň! Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, eliňizden gelen kömegi gaýgyrmaň!

Maşgalam — baş galam

Halkymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ileri tutupdyr. Maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, aýamak, ony mertebelemek öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem «Maşgalam — baş galam» diýen paýhasly jümle il arasynda ýörgünlidir. Beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir» diýip belleýär. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Halkymyzyň arasynda bar bolan däbe görä, kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasy soralýar. Maşgalanyň agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Çünki sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasydyr.

Aýal dogan

Tebigat hökmürowan bolýar. Onuň öz kadasy, öz kanuny bar. Wagtyň geçmegi bilen bir ojakda bileje oýnap, ulalan doganlaryň hersi özbaşyna maşgala bolup gidýär. Emma gözüňe görünmeýän, dil bilen düşündirip bolmaýan, diňe gudratdyr keramata deňäýmeseň suratyny hem çekdirmeýän bir baglanyşyk — täsin güýç welin, mydama ýüregiňi ataň öýüňe baglap goýýar. Ol ojakda eje mähri, kaka yhlasy, ene öwüdi, ata sargydy, doganlaryň bilen geçen gyzykly günleriň kalbyňy özüne dartyp durýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ataň ojagyndan alan terbiýäň, mähriň, göreldäň bilen durmuşyň ähli synaglaryna döz gelip başlaýarsyň, esasan hem durmuşa çykan gyzlaryň tiz ene bolmagy bilen süýji ukular öz ornuny irginsiz zähmetdir yhlas bilen çalşanda, kirpik gatman, hüwdi aýdyp, sallançagyň başynda geçirilýän gijeler olara birbada ýiti täsirini ýetirýär. Şeýle pursatlarda özüňden uly aýal doganyň bolmagy uly bagtdyr. Çünki ulular bizden öň durmuşyň eleginden süzülendirler. Olaryň paýhasy goýazy güýze meňzeýändir. Saldamly pikirler, sabyrly garaýyşlar aýal doganlaryň ilkinji ygtybarly ýoludyr.

Maksadymyz — sagdyn geljek

Welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýadan ugur alyp, sagdyn maşgala gatnaşyklaryny ündemeklige, eneligi we çagalygy goramaklyga gönükdirilen wagyz-ündew çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň guramagynda geçirilen bu çärelere ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Sözle, sözüň şirin bolsun!

Geplemek, gepleşmek, sözlerden sözlem düzmek ynsana berlen, ýerini çalşyp bolmaýan ukypdyr. Ol ukyby çagalarda körpeliginden ösdürmek we kämilleşdirmek biz ― ulularyň möhüm borjudyr. Hut şu ukybyň üsti bilen çagalaryň gözýetimi giňelýär, dünýä akyl ýetirýär, jemgyýetde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu meselede ene-atalaryň, şonuň ýaly-da körpeleriň edep-terbiýesi bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Çaga ýaşlygynda eşidenlerini berk ýadynda saklaýar. Şonda ulularyň aýdanlary edil daşa ýazylan ýaly bolýar. Mysal üçin, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady onuň ilkinji halypasy bolupdyr. Görnükli türkmen ýazyjysy Ata Gowşudow bolsa çagalygynda ertekiçi enesinden örän köp zatlary öwrenipdir. Bu mysallara ýüzlenmek bilen, ulularyň öz çagalarynyň sözleýişlerini ösdürmekde halk döredijilik eserlerinden peýdalanmaklarynyň has oňat netije berýändigini nygtamakçy bolýarys.

«Köňül bir beden şahydyr...»

...Gazet-žurnallarda ýa-da radio-teleýaýlymlarda uzak ýaşly ildeşlerimiz baradaky söhbetleri okanyňda, diňläniňde dünýäňi giňeldýän, göwnüňi göterip, ýaşaýşa höwesiňi artdyrýan bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärsiň. Nesip etse, ynsan ömri, gör, nähili uzak hem bolup biljek ekeni! Redaksiýanyň tabşyrygy boýunça 2021-nji ýylda Mary etrabynyň Babasary obasyndan 121 ýaşly Ajapsoltan eje bilen duşuşan pursatlarymyň täsiri henizem hakydamdan çykanok. Şol pursatda aňymda deňeşdiripdim: pensiýa ýaňyrak çykan adamlar, seredip otursaň, şu mährem enäniň ýaňy ýarpy ýaşyny ýaşapdyrlar ahyryn! Bu gün, nesip edenden, Alla sylap uzak ýaş beren, yrylmaz rysgal-döwletiň eýesi, il sylagly ýaşuly, Mary welaýaty boýunça heniz ýaşap ýören uruş weteranlarynyň iň soňkularynyň biri Aýdogdy Amadyýew bilen duşuşmaga barýaryn. Pikir edýän, tolgunýan, duşuşjak ýaşulym ýöne adam bolmaly däl. 105 ýaşynda yra-dara aýak üstünde girip-çykyp ýören, neberesi küren oba bolan, 24 sany ýuwlugyň garry atalary-babalary bolup oturan Aýdogdy aganyň Hakyň keramatly nazary düşen saýlantgy ynsandygyna ynanasyň gelip dur.

Bagtyýar çagalar — röwşen geljegimiz

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde tutumly işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen birlikde, hukuk goragyny hem öz içine alýar. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Konstitusiýamyzyň 54-nji maddasyna laýyklykda, ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler kepillendirilýär. 20-nji noýabr — Bütindünýä çagalar güni we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesi. Bu sene 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi we munuň hem öz sebäbi bar. 20-nji noýabr çagalaryň hukuklarynyň ösüşinde möhüm tapgyrdyr, çünki 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Çaganyň hukuklary Jarnamasyny, 1989-njy ýylda bolsa Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny kabul etdi.

Ýatlamalaryň ýaýlasynda

Ejem güýz paslyny aýratyn söýerdi. Tomus aýlarynda agşam salkyn düşenden soň tamdyra çörek ýapýan ejem, güýz aýlarynda daň bilen basyran hamyryndan guşluk boluberende gyzgynjak çörek bişirip saçaga ýaýradardy. Onuň bişirýän tamdyr çörekleriniň şeýle datly tagamy, ýakymly ysy näçe ýaşan-da bolsam hiç aňymdan gidenok. Indi eneçeme ýyldyr sary ýapynjaly göwher güýzi ejemsiz garşylaýanlygym üçin gözüm tamdyra çörek ýapyp duran zenanlary gözleýär. Ýüzüne gyzgyn howruň çabyramazlygy üçin ýüzüni ýaglyk bilen saraýan zenanlaryň ählisi maňa ejem jan bolup görünýär. Tamdyr çöregini saçagyma dolasam ejemli günleriň ýakymly ýatlamasyna gaplanýaryn, ol kalbymyň hemrasy, göwnümiň ylhamy. Bu gün men ýene-de ejemiň ojagyna myhmançylyga geldim. Onuň giň howlusyna gaýyp gaçýan güýz ýapraklaryny syryp-süpürip çykdym. Göräýmäge, ejem janyň howlusynda özgeren zat ýok ýaly. Şol gäwmüş gaýtaryp duran akja köşeklije düýämiz, şol baglar... Emma, wagt ähli zadyň ornuny çalşypdyr. Ýaňy-ýaňylar hem towsup ýören çagadyk, eýýäm biz ene.

Maşgala ojagy mukaddesdir

Nesil terbiýesinde milli ýörelgelere daýanmak parasatly pederlerimizden bize miras galan asyllyk ýol-ýörelge bolmak bilen birlikde biziň her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar. Ata-babalarymyzyň her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilliginiň maşgala ojagyndan başlanýandygyny takrarlaýyşlary ýaly, maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, biz welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olarda maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti, kanunçylyk taýdan goraglylygy barada gürrüň edilýär. Kümüş saçly enelerimiz çagalary milli ruhda terbiýelemekde, olary päk zähmete ugrukdyrmakda zenan maşgalalaryň ornunyň, görüm-göreldesiniň ähmiýetiniň uludygyny belleýärler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, maşgalalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny bildirýärler.

Plastilinden balyjak

Mähriban çagalar, siziň araňyzda plastilinden multfilm gahrymanlarynyň şekiljiklerini ýasamagy halamaýanyňyz ýok bolsa gerek. «Nemonyň gözleginde» atly multfilme-hä ähliňiz diýen ýaly tomaşa edensiňiz. Aşa bilesigelijiligi sebäpli, öz öýünden uzaklara düşýän Nemo atly balyjak hakyndaky multfilm çagalaryň söýgüsini gazanan multfilmleriň biri. Teleýaýlymlarymyzda bu multfilme türkmen dilinde birnäçe gezek tomaşa edensiňiz. Multfilmde Marlin atly balygyň ogly Nemony gözleýşi, Nemonyň hem öz öýüne gaýdyp barmak üçin jan edişi gyzykly wakalaryň üsti bilen suratlandyrylýar. Nemo atly balyjagyň öz hossarlaryna gowuşmagy üçin ekranyň başynda oturyp, garaşan pursatlaryňyzam bolandyr. Geliň, onda žurnalymyzyň şu gezekki sanynda siziň söýgüli multfilm gahrymanyňyz Nemonyň şekiljigini ýasamagy öwreneliň!

Işdäaçar — işdäňizi açar!

Gerekli önümler: • 250 gram towuk eti;

Edepli ile ýarar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarymyzyň geljeginiň nurana bolup, rowaçlyklara beslenmegi ugrunda ata Watanymyzda uly tagallalar edilýär. Terbiýe meselesinde mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Mugallymlar sapaklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerini, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, däp-dessurlarymyzy, edep-ekram baradaky düşünjeleri giňişleýin öwretmelidirler.

Maşgala we ömür

Her näçe gözel ýerlerde gezseňem, birnäçe gün geçenden soň, göze görünmeýän ýüp bilen, onda-da beýleki ujy edil ýüregiňe baglanan jadyly ýüp bilen dogduk depäň seni özüne çekip dur. Giň älemde-de, öz Watanymyzyň çäklerinde-de göbek ganyň daman toprakdan has owadan, has gözel ýerler kän. Ýöne öz dogduk depäň ýaly mähriban, ýürege ýakyn ýer hiç ýerde ýok. Seň üstüňde atalaryň yzyn gördüm bakan çagym,

DORAGLY, ALMALY PIROG

Bereketli güýz paslynyň dowam edýän günlerinde pirogyň alma goşulyp taýýarlanylýan görnüşleri islendik öý bikesi üçin elýeterli bolsa gerek. Tiz wagtda taýýar bolýandygyna garamazdan, tagamly pirog her bir maşgalanyň saçagynda çaý başynyň bezegidir. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda şeýle pirogyň doragly gönüşiniň taýýarlanylyşyny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER: