Edep-terbiýäniň gözbaşy

18 Fewral 2024
1052

Halkymyzda çagalara edep-terbiýe bermek ýaly ahlak gymmatlyklary öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Maşgala ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan, sünnälenip kämilleşdirilýän düzüm birligidir. Maşgalada watansöýüjilik, halallyk, rehimdarlyk ýaly ýokary adamkärçilik sypatlary ösüp gelýän ýaş nesliň kalbyna guýulýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany ýörelge mekdebidir. Onda halallyk, zähmetsöýerlik, adamkärçiligiň belent sypatlary giňişleýin beýanyny tapýar. Merdana halkymyzyň edepli-ekramly, gujurly-gaýratly, akylly-paýhasly nesilleri terbiýelemek adatlaryny dowam etdirmek bu günki günde her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr. Maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasy bar. Şu günlerimize gelip ýeten bu baý mirasymyzy nesillerimize ýetirmek esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi garaýyşlara esaslanýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda şeýle setirler bar: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň — döwletliligiň eýesidir. Döwletlilik olaryň bahar ýaly owadan ýylgyryşynda, säher ýaly tämiz kalbynda, ýaşaýşa tükeniksiz güýç berýän nurana garaýyşlaryndadyr. Berkarar döwleti gurmagyň halkymyzyň öý-ojak, maşgala mukaddesligine goýýan hormatyndan başlanýandygy hem şu düşünjeden açylýar». Bu ýerde maşgalada nesil terbiýesinde enäniň orny barada pähimli sözler beýan edilýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar