Gelinlerim — gyzym bolup gelenlerim

21 Fewral 2024
1330

Ene bolmak täsin bagt, gaýynene bolmak bolsa zenany has-da köp zatlara borçlandyrýar. Gaýynene bolduňmy, diýmek, sen maşgala agzalarynyň ählisiniň diline we dünýäsine düşünýän agzybirlik sütünine öwrülmeli. Munuň üçin gapyňdan gelen günlerinden beýläk gelinleri öz hojalygyň düzgünlerine uýgunlaşdyrmaly. Şol bir wagtyň özünde-de, ýaş gelniň näzik göwnüne degmän, täze ojakda biş-düş endiklerine, girim-çykymlaryna, geýim-gejimlerine, köpçülikde özüňi alyp barmagyň düzgünlerine uýgunlaşdyrmaly. Hamyla bolsalar, enelige taýýarlamak, bilmeýän zatlaryny öwretmek, gerek ýerinde ýardam bermek, bäbeklän wagtlary olaryň saglygyny, rahatlygyny goramak hem eneleriň mukaddes borjudyr. Ozal tez maral ýaly keýerjekläp ýören ýaş gyzlaryň ene bolmagy olaryň süýji ukularynyň ýerini ukusyz geçirilýän gijeler bilen çalyşmagyna sebäp bolýar. Esasan-da, ilkinji gezek ene bolan ýaş gelne gaýynenäniň ýardamy howa ýaly zerurdyr. Ozal birnäçe çagany ösdürip, kemala getiren gaýynene jägildäp aglap, saklatmaýan agtyjagyny eline alan badyna, onuň diline düşünmegi başarýar. Şeýlelik bilen, gaýyn bilen gelniň arasynda birek-birege bolan mähremlik, ysnyşyk güýjeýär.

Ýazýan zatlarymyň ählisiniň öz durmuşymdan üzňe däldigi üçin, iki gelniň gaýynenesi hökmünde bir zady aýratyn bellemek isleýärin. Gaýynene bolmak bilen maşgalamyň ýaýrawy giňäpdi. Ýyl geçdigisaýy, gudalarym hem aýal doganlaryma öwrülip gidiberdiler. Olar her gezek jaň edenlerinde, sesimden hal-ahwalymy bilmäge çalyşdylar. Gyzlaryna: «Gaýynyňyza serediň, ony razy etjek boluň, hyzmatyňyzy gaýgyrmaň!» diýip, öwran-öwran öwüt berdiler. Gudalarymyň bu endikleri öýümdäki agzybirligiň esasy açaryna öwrüldi. Olar bilen ýygy-ýygydan jaňlaşyp, görşüp durmagym, meniň üstüme düşýän gaýynenelik borçlarymy diýseň ýeňilleşdirdi. Şonuň üçin bu gün nirededir bir ýerde bagt hakynda gürrüň gozgalsa, men gudadan bagtlydygymy gizlemän aýdýaryn. Çünki agzybirligiň sütüni enäniň enä düşünýän ýerinden gözbaş alýar. Zenanlaryň bir-birine düşünmegi maşgalada mährem sazlaşygy emele getirýär. Esasy zat, gelniň bolan zenanyň öz öndüren nesilleriniň seniň ýaýrawyňdygyna düşünmegi, gaýynenäni öz ejesi ýaly kabul etmegidir. Gaýynlar agtygyny: «Sen — balamyň balasy» diýip bagryna bassa-da, ony öz dünýä inderen balalaryndan-da eziz görýändirler. Bu barada il içinde şeýle tymsal bar. Agtygyny söýüp oturan bir eneden: «Ene jan, ogluň süýjümi, agtygyň?!» diýip sorapdyrlar. Ene eglenmän: «Oglum şänigimdi, agtygym onuň maňzy» diýip, jogap beripdir.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy» gazetiniň bölüm redaktory .
Beýleki habarlar