Wysala barýan ýollar

21 Fewral 2024
1040

Suwda elektrik togunyň gizlenip ýatyşy ýaly, asmanyň üzülen guşagy älemgoşarda görenleri bendiwan eýleýän täsinligiň saklanyşy ýaly, zenan maşgalada gudratly güýç gizlenip ýatýar. Şol güýç oňa adamzat ähliniň terbiýeçisi bolmakda medet berýär. Külli adamzady söýgüsi bilen penalamakda, gaýgysy bilen goraglamakda, asyrlarboýy ojaklaryň oduny öçürmän, sallançaklaryň badyny gowşatman, ýaşaýşyň umyt uşlybyny üzmän saklamakda şol gudrat ony ýanbermez etdi. Külli adamzat ähliniň terbiýeçisi, ýaşaýşyň başynda duran dünýäniň halasgäri eneler dünýäni özgertjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirdiler. Dünýäde ýeke-täk sönmeýän yşyk Hakyň nurudyr diýýärler, ýöne ene ýüreginiň, kalbynyň nuram egsilmezdir, güneş kibi şöhlezardyr, baldan süýji balalarynyň durmuş ýoluna münewwer eçilýändir.

Üç ogly, alty gyzy ösdürip kemala getiren Aknabat daýza iňrik garalanda duralgada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetinde okaýan gyzy Nurgözele garaşyp durdy. Çünki olar öýländen soň okaýardylar. Öz okap bilim alan Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň golaýyndaky şahyr Halyl Kulyýewiň:

Sadap MUHAMOWA,
«Biznes reklama» gazetiniň edebi işgäri.
Beýleki habarlar