"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Ýolsuz ýerde hereket edýän «BYD Shark» 14-nji maýda tanyşdyrylar

«BYD Auto» kompaniýasy «BYD Shark» atly ilkinji elektrik pikabynyň 14-nji maýda peýda boljakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Onuň tanyşdyrylyşy Meksikada geçer.   «BYD Shark» DMO (Dual Mode Off-Road, ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň supergibrid platformasy) esasynda gurlup, ol ýolsuz hem gaty ýerlerde peýdalanmak üçin esaslandyryldy. Ulagyň gurluşynda uly hem dörtburç çarçuwa ulanyldy.

Töleg hyzmaty işe girizildi

Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi. “Öz Telegram sahypaňyzda habar ýazyp, gerek zatlaryňyzy sargyt etmegi göz öňüňize getirip görüň. Munuň üçin biz bu gün botlar arkaly töleg etmek hyzmatyny hödürleýäris. Bu hyzmat botlara öz ulanyjylarynyň töleglerini kabul etmäge mümkinçilik berer” – diýlip, Durowyň habarynda bellenilýär.

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

ABŞ-nyň NASA kosmos gullugy  Aýda otly gatnawyny amala aşyrmak üçin ilkinji ädimini ätdi. ” Flexible Levitation on a Track” (FLOAT) atly taslamanyň 2030-njy ýyllarda Aý bazasynyň işlemegi üçin “möhüm” boljakdygy bellendi. Taslamany amala aşyrýan toparyň pikirine görä, bu taslamanyň Aýda ýüze çykarylan serişdeleri daşamagyň ygtybarly we özbaşdak usulyny üpjün etjekdigi bellendi.

Özbegistanda iki sany ýel elektrik stansiýasy gurlar

Ýurduň Prezidentiniň Karary bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant we Jizzah welaýatlarynda iki sany ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça maýa goýum şertnamasy tassyklandy. Habarda bellenilişi ýaly, desgalaryň gurluşyk işleri Hytaýyň «Universal Energy» kompaniýasynyň «Peak Wind Alpha» we «Peak Wind Beta» golçur kärhanalary tarapyndan alnyp barlar. Taslamanyň her biri 250 megawat kuwwata eýe bolan iki sany ýel elektrik stansiýadan hem-de elektrik geçiriji ulgamlardan ybaratdyr. Desgalaryň gurluşy üçin aýratynlykda 250 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesiniň sarp edilmegi göz öňünde tutulýar.

Howany arassalaýjy desga guruldy

Islandiýada dünýäniň iň uly howany arassalaýjy desga işläp başlady. «Mammoth» howadan kömürturşy gazyny sorup alýan ikinji desga bolup, ol 2021-nji ýyl işe girizilen birinji howa arassalaýjydan 10 esse uludyr. Ol «Climeworks» kompaniýasy tarapyndan guruldy. «Mammoth» desgasy howadan kömürturşy gazyny sorup alyp, ony Ýeriň aşagyna goýberýär. Ol atmosferadan ýylda 36 müň tonna uglerody aýyrmaga ukyplydyr.

Ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy

Hindistanyň «Tata Electronics» öndürijisi ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy. Kompaniýa ABŞ-dan, Ýaponiýadan we birnäçe Ýewropa ýurtlaryndan hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürilen mikroshemalaryň çäkli toplumyny eksporta iberdi. — Eger biz bu segmentlerde ulanylýan çipleriň işlenip taýýarlanmagyna we öndürilmegine ünsi jemlesek, Hindistan mikroshemalar pudagynda dünýä lideri bolup, olary eksporta iberip biler – diýip, respublikanyň aragatnaşyk, elektronika we sanly tehnologiýalar ministri Aşwini Waýşnawa belledi.

Çärýek asyrdan soň görnüşini üýtgetdi

«Nokia» markasynyň hukuklaryna eýe bolan «HMD Global» kompaniýasy 1999-njy ýylda bazara çykarylan «Nokia 3210» telefonunyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. «Nokia 3210» (2024) 2,4 dýuým reňkli TFT ekrana eýe bolup, ol LED 2 MP esasy kamera, 64 MB RAM we 128 MB içerki ýady bolan «Unisoc T107» çipi bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle-de täzelenen enjamda mikroSD we 3,5 mm gulaklyk dakmak üçin ýörite ýer goýlupdyr. Mundan başga-da, «Bluetooth 5.0» we kuwwatlandyrmak üçin «USB C» porty bar.

«Samsung» hindi bazarynda liderligini ýitirdi

«Counterpoint» gözleg kompaniýasynyň bilermenleri «Samsung» kompaniýasynyň Hindistandaky bazar paýynyň 17,5 göterime çenli peselendigini habar berdi. Netijede, kompaniýa mundan bir ýyl ozalky liderligini ýitirip, ýurduň degişli bazarynda üçünji orna düşdi. Bazarda birinji we ikinji orunlary degişlilikde, «Vivo» hem-de «Xiaomi» kompaniýalary eýeleýär. Olaryň degişli bazardaky paýy 19,2 we 18,8 göterime deňdir. Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylda «Samsungyň» hindi bazaryndaky paýy 20,3 göterime deňdi.

«iOS 18» emeli aňyň has giň mümkinçiliklerini öz içine alar

«Apple» we «OpenAI» kompaniýalary «ChatGPT» çat-botunyň «iOS 18-de» ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän ylalaşyga gol çekmek boýunça gepleşikleri tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Bu barada «Bloomberg» habar berýär. «OpenAI» bilen «Apple» kompaniýalarynyň degişli ylalaşyk barada iýun aýynda geçiriljek «WWDC 2024» konferensiýasynyň çäginde resmi taýdan yglan etmeklerine garaşylýar.

Sanly bilim ulgamynyň giň gerimli mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýda

Birinji çärýekde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi

Counterpoint Research halkara seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi. Tutuş dünýäde smartfonlaryň satylan möçberi 6% ýokarlanyp, 296,9 mln-a ýetdi. Barlag geçiren bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda smartfon bazarynda 800 dollardan gymmat bolan enjamlaryň satuwy depginli artýar. Bir ýyllyk görkeziji bilen deňeşdirilende satuwlaryň 10% az bolandygyna garamazdan Apple kompaniýasy satylan önümleriň bahasy boýunça öňdäki orny eýeleýär. Satylan önümleriň sany boýunça bolsa Samsung kompaniýasy öňe çykmagy başardy. Ol smartfon bazarynyň 20%-ni eýeledi.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşi – innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler

Ýaponiýada 6G-interneti üstünlikli synag etdiler diýip, «24KZ» habar berýär. Täze ulgamyň maglumatlaryň geçirijiligi 5G-internetden 10 esse ýokarydyr we sekuntda 100 gigabite deňdir. Bu bir sekuntda 8 filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär diýip, hünärmenler aýdýarlar. Olar tehnologiýanyň häzirlikçe synag nusgadadygyny belleýärler. Onuň işe girizilmegi şu onýyllygyň aýagynda mümkin bolar. Adaty ulanyjy üçin häzirki 5G ulgamyň mümkinçilikleriniň ýeterlikdigine garamazdan, täze tehnologiýa işewürlik pudagynda giňden peýdalanylar. Mysal üçin, ol ulaglary özbaşdak dolandyrmaga, 3D-aragatnaşygy ösdürmäge we lukmançylykda näsaglaryň ýagdaýyny öwrenmekde ulanylyp bilner.

Sanly ulgam hem-de döwrebap usullar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, asylly ýörelgelerini öwretmek, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler depginli alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, umumybilim we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasyna täze sapaklar girizilip, ýaşlaryň bilim ummanyna has-da çuňňur aralaşmaklary, dünýägaraýyşlarynyň giňemegi, pähim-parasada gol ýapan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanyp, okuw sapaklaryny täze usullaryň kömegi bilen gurnaýarys. Esasan hem, sapaklarda multimediýa tehnologiýalaryna ähmiýet bermek döwrüň talaby bolup durýar. Dünýä tejribesine esaslanyp, sapaklary kämil tehnologiýalary ulanyp guramak arkaly okuwçylaryň bilimli hem başarjaň bolmaklygyny gazanmak her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Bu gün ýurdumyzda bilim edaralary okuw kitap

Elektron söwdanyň ilerleýän ugurlary: sanly taslamalar, giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösüşiň möhüm ugurlary esasynda täze sepgitlere çykarmagy derwaýys wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu wezipe döwlet maksatnamalarynda aýdyň beýanyny tapyp, milli ykdysadyýetiň her bir pudagy döwrüň talaby esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine söwda ulgamynyň ösüşlerinden hem göz ýetirmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde, beýleki ugurlar bilen birlikde, söwda ulgamyny kämilleşdirmegiň, onuň işini täze usullar esasynda ilerletmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Aprel aýynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisiniň geçirilmeginiň maksady hem müşderileri ýerli önümler bilen tanyşdyrmak we olara bolan islegi dünýäde ýokarlandyrmak bilen bagly boldy. Sergide türkmen önümleriniň internet arkaly satuwyny ilerletmek babatdaky tagallalar hem beýanyny tapdy. Munuň özi söwda gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginden başlap, elektron söwdanyň döwrebap ösdürilmegine çenli wajyp ugurlary öz içine alýar. Elektron söwda häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 5 milliarda golaý ilatynyň işjeň peýdalanýan hyzmaty bolmak bilen, bu ugra täzeçil çemeleşmek döwrüň derwaýyslygy hökmünde öňe çykýar. Şunda esasy tagallalar, ilkinji nobatda, mümkinç

Nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda nebit önümleriniň eksport edilýän esasy harytlaryň biridigini bellemelidiris. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty netijesinde bu pudagyň kuwwatlyklary has-da artdyryldy we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagynyň binýatlaýyn esaslaryny ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Ylmyň, tehnologiýanyň yzygiderli ösýän şertlerinde nebitgaz toplumynyň önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri-de milli ykdysadyýeti ösdürmegiň gün tertibinde durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, «akylly» enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we dünýäniň soňky gazanan tehnologiýalary arkaly işiň netijeliligini artdyrmak, galyberse-de wagty tygşytly ulanmagy ýola goýmak işleri diýseň oňyn netijesini berýär. Şol sanda ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmekde hem sanly tehnologiýalara örän möhüm orun degişlidir. Bu pudakda sanly ulgam arkaly dolandyrmak, bu babatda hünärmenleriň bilimlerini we tejribelerini artdyrmak, okuw sapaklaryny yzygiderli guramak işleri alnyp barylýar. Hut şol işleriň durmuşa geçirilmeginde soňky ýyllarda Diýarymyzyň köp künjeklerinde geologik-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň giň gerimde geçirilmegi bilen, täze maglumatlar, netijeler alyndy. Bular

Ýaponiýada 6G ulgamy synag edildi

Ýapon alymlary dünýäde ilkinji ýokary tizlikli 6G ulgamyny döredip, üstünlikli synagdan geçirdiler. Bu täze ulgam maglumatlary 100 metr aralyga sekuntda 100 gigabaýt tizlik bilen geçirmäge ukyplydyr. Deňeşdirmek üçin bu 5G ulgamyndan 20 esse ýokarydyr. Başgaça aýtsak, 6G ulgamynyň kömegi bilen 5 sany HD filmini bary-ýogy 1 sekuntda geçirmek mümkin. 6G torunyň 2030-njy ýyla çenli ýola goýulmagyna garaşylýar. Tehnologiýanyň has ýokary ýygylykly diapazonlary ulanýandygy sebäpli, ulgamy ornaşdyrmak üçin tolkunlary geçirmeklige we güýçlendirmeklige niýetlenen düýbünden täze infrastrukturany döretmek zerurdyr.

Ýaşlaryň arasynda sanly ulgam usuly-okuw maslahaty geçirildi

Ýurdumyzyň welaýatlarynda sanlylaşdyrma we ýaşlaryň sanly ulgam sowatlylygy boýunça okuw-usuly maslahatlary geçirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» şygary astynda geçýän bu maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärhanalarda we edaralarda işleýän ýaşlar, ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşýar.

Tölegiň döwrebap görnüşleri

Häzirki wagtda bank işini kämilleşdirmäge, bu ulgama döwrebap halkara ülňüleri ornaşdyrmaga, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň bank ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, şol sanda töleg kartlarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmaga hem möhüm ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň işini dünýä ülňülerine laýyk guramak, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, pul-karz dolanyşygyny düzgünleşdirmek arkaly müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurlar ilatyň wagtlaýyn peýdalanmaýan süýşürintgilerini möhletli we talap edilýänçä görnüşli bank goýumlaryna çekmegi, elektron resminama dolanyşygynyň we elektron şahsyýetnamalar ulgamynyň gerimini artdyrmagy, elektron senagaty döretmegi, sanly aragatnaşygyň ösüş derejesi boýunça şäher we oba ýaşaýjylarynyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi göz

Döwlet hyzmatlar portalynda «şahsy otaglardan» peýdalanýanlar 50 müňe golaýlady

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýän taslamalaryň artmagy bu ugurda gazanylýan üstünliklere şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly özünde maglumatlary ýygnamak bilen bir hatarda, aragatnaşyk boýunça, ýagny ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary onlaýn görnüşde amala aşyrmaga, sanly ulgam arkaly raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerinde köp ýeňillikleri döretmäge, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda bu portalda jemi 500-den gowrak hyzmatlara salgylanmalar ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda 40-dan gowrak onlaýn töleglere we hyzmatlara, 270-den agdyk sanly maglumatlara, döwlet edaralarynyň 150-den hem köp web saýtlaryna, şeýle-de olaryň amala aşyrýan 50-ä golaý hyzmatlaryna salgylanmalar bar.