«Samsung» hindi bazarynda liderligini ýitirdi

13 Maý 2024
326

«Counterpoint» gözleg kompaniýasynyň bilermenleri «Samsung» kompaniýasynyň Hindistandaky bazar paýynyň 17,5 göterime çenli peselendigini habar berdi. Netijede, kompaniýa mundan bir ýyl ozalky liderligini ýitirip, ýurduň degişli bazarynda üçünji orna düşdi.

Bazarda birinji we ikinji orunlary degişlilikde, «Vivo» hem-de «Xiaomi» kompaniýalary eýeleýär. Olaryň degişli bazardaky paýy 19,2 we 18,8 göterime deňdir. Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylda «Samsungyň» hindi bazaryndaky paýy 20,3 göterime deňdi.

Mämmetmyrat MOLLAÝEW,
TDBGI-niň talyby.