Çärýek asyrdan soň görnüşini üýtgetdi

13 Maý 2024
254

«Nokia» markasynyň hukuklaryna eýe bolan «HMD Global» kompaniýasy 1999-njy ýylda bazara çykarylan «Nokia 3210» telefonunyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy.

«Nokia 3210» (2024) 2,4 dýuým reňkli TFT ekrana eýe bolup, ol LED 2 MP esasy kamera, 64 MB RAM we 128 MB içerki ýady bolan «Unisoc T107» çipi bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle-de täzelenen enjamda mikroSD we 3,5 mm gulaklyk dakmak üçin ýörite ýer goýlupdyr. Mundan başga-da, «Bluetooth 5.0» we kuwwatlandyrmak üçin «USB C» porty bar.

Selbi ALLANAZAROWA,
TDBGI-niň talyby.