Birinji çärýekde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi

13 Maý 2024
185

Counterpoint Research halkara seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň satuwy möwsümde iň ýokary derejä ýetdi. Tutuş dünýäde smartfonlaryň satylan möçberi 6% ýokarlanyp, 296,9 mln-a ýetdi.

Barlag geçiren bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda smartfon bazarynda 800 dollardan gymmat bolan enjamlaryň satuwy depginli artýar. Bir ýyllyk görkeziji bilen deňeşdirilende satuwlaryň 10% az bolandygyna garamazdan Apple kompaniýasy satylan önümleriň bahasy boýunça öňdäki orny eýeleýär. Satylan önümleriň sany boýunça bolsa Samsung kompaniýasy öňe çykmagy başardy. Ol smartfon bazarynyň 20%-ni eýeledi.