Ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy

13 Maý 2024
236

Hindistanyň «Tata Electronics» öndürijisi ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy. Kompaniýa ABŞ-dan, Ýaponiýadan we birnäçe Ýewropa ýurtlaryndan hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürilen mikroshemalaryň çäkli toplumyny eksporta iberdi.

— Eger biz bu segmentlerde ulanylýan çipleriň işlenip taýýarlanmagyna we öndürilmegine ünsi jemlesek, Hindistan mikroshemalar pudagynda dünýä lideri bolup, olary eksporta iberip biler – diýip, respublikanyň aragatnaşyk, elektronika we sanly tehnologiýalar ministri Aşwini Waýşnawa belledi.

Berdigylyç DURDYÝEW,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.