«iOS 18» emeli aňyň has giň mümkinçiliklerini öz içine alar

13 Maý 2024
208

«Apple» we «OpenAI» kompaniýalary «ChatGPT» çat-botunyň «iOS 18-de» ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän ylalaşyga gol çekmek boýunça gepleşikleri tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Bu barada «Bloomberg» habar berýär.

«OpenAI» bilen «Apple» kompaniýalarynyň degişli ylalaşyk barada iýun aýynda geçiriljek «WWDC 2024» konferensiýasynyň çäginde resmi taýdan yglan etmeklerine garaşylýar.

Döwletgeldi KURBANKLYÇEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.