"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar . Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym-bilim täzeliklerini, öňdebaryjy innowasion tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda biz-bilim işgärleri  dör

Kämil tehnologiýalaryň eýýamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary derejeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda ykdysadyýeti ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär, kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýokary netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, ykjam çözgütler, maglumatlaryň seljermesi ýaly häzirki zaman tehnologik ösüş meýilleri täze mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin berjaý edilmeli ugurlar bar. Olar internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, kämil telearagatnaşyk ýaly üpjünçilik ulgamynyň, hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak boýunça elektron işewürliginiň we harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegini üpjün edýän elektron söwda ýaly ugurlardyr. Ylmy-tehniki ösüşiň täze tapgyryna geçmegi innowasiýa işjeňliginiň ýokarlanmagyny we innowasiýalara düýpli düşünmekde täze çemeleşmeleri talap etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda önümçilik işlerini, tehnologiýalary ornaşdyrmak, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, ylmy gözleg we işläp düzmeler pudagyna bolan islegleri özgertmek üçin ähli şertler bar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde innowasiýa işjeňligini dolandyrmak, köplenç ýagdaýda, bazar gurşawynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligine

Şowly üstünligiň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt bähbidini ähli zatdan ilerde tutup, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Kalby päk, tämiz ruhly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň, hususan-da, ylym-bilim özgertmeleriniň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň tehniki binýadyny berkitmäge, olaryň öňdebaryjy daşary ýurt ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň gurşawynda döwrebap ylym-bilim alýan ýaşlar ukyp-başarnyklary, tebigy zehinleri bilen tapawutlanýarlar.

Hyzmatlardan il hoşal

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler, özgerişlikler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda hyzmat edýän, halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bu ulgama ýokary amatlylykly ulaglaryň yzygiderli satyn alnyp, halkyň hyzmatyna hödürlenmegi şäherara we şäheriçi gatnawlaryň bökdençsiz ýola goýulmagyna hem ýardam berýär. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň zähmet adamlary 2023-nji ýyly üstünlikli jemläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýene-de täze üstünliklere besleýärler. Ýükleri daşamakda, ýolagçylara hyzmat etmekde we gaýry hyzmatlary amala aşyrmakda kärhanada nusga alarlyk işler guralýar.

«Sanly Çözgüt IT meýdança» HJ bilim we sanly hyzmatlaryň gerimini giňeldýär

«Sanly Çözgüt IT meýdança» HJ 5-14 ýaşly çagalar üçin “Robototehnika esaslary” atly täze okuwyň başlandygyny habar berdi. 6 hepdelik okuw, ösen tehnologiýalary ulanyp, dürli görnüşli robot kömekçilerini nädip ösdürmelidigini öwretmegi maksat edinýär. Bu, eýýäm sanly hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän IT jemgyýetçiliginiň täzeliklerinden diňe biri:

Döwrebap hyzmatlar, köpugurly mümkinçilikler

20-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Şunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hususy kärhanalar, paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan ilatymyza hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlara aýratyn orun degişlidir. Biz hem okyjylarymyzy ulanyjylaryň gündelik durmuşdaky işlerini ýeňilleşdirmäge ýardam edýän täze hyzmatlaryň, ykjam mobil goşundylaryň, programma üpjünçilikleriniň käbir görnüşleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.

Bilim bermekde döwrebap mümkinçilikler giňden peýdalanylýar

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da

Döwrebap hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýadyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler pudaklaryň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, resminama dolanyşygyny çaltlandyrmaga, kadalaşdyryjy resminamalaryň elektron binýadyny kämilleşdirmäge, şeýle-de raýatlara, ýuridik şahslara, hususy telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, tehnologik işläp taýýarlamalaryň kömegi bilen «akylly» şäher we «akylly» öý taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şoňa laýyklykda, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylyp, maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdirilýär.

Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Işçi toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Ýakynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Işçi toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde:

Möhüm talaplardan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, innowasiýa häsiýetli önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny döretmäge uly ähmiýet berilýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň sanlylaşdyrylmagy, öýlerde, edara-kärhanalarda, söwda merkezlerinde, bilim ojaklarynda, myhmanhanalarda Wi-Fi tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy oňyn netijelerini berýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada berlen hasabatda aýdylyp geçildi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary artdyrmaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen «Duralga» atly mobil goşundyny görkezmek bolar. Şeýle-de milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini

Oleg Kononenko Aşgabadyň kosmosdan alnan gijeki fotosuratyny paýlaşdy

Russiýanyň asly türkmenistanly kosmonawty Oleg Kononenko Aşgabat şäheriniň gije Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) bortundan düşürilen suratyny paýlaşdy. Bu suraty «Roskosmos» döwlet korporasiýasy sosial media ulgamyndaky resmi sahypasynda ýerleşdirdi. «Ak, sary, gyzyl we ýaşyl — ýagtylygyň dürli öwüşginleri garaňkylyga aralaşýar. Şäheriň ýagty çyralary gan damarlary mysaly ýollar bilen birleşip, uly ýyldyzlar toplumyna çalym edýär» — diýen teswir bilen hem bu surat internet sahypasynda neşir edildi.

Pekin sanly ykdysadyýet ulgamynda nusgalyk bolmaga çalyşýar

Pekin ösen önümçilik, dolandyryş ulgamy bolan, sanly ykdysadyýet babatda dünýä derejesindäki nusgalyk şäher bolmagy maksat edinýär. Bu barada 16-njy Pekin şäher halk kongressiniň ikinji mejlisinde Pekiniň meri In Ýun aýtdy. Soňky ýyllarda Hytaýyň paýtagty täze tehnologiýalary infrastruktura ornaşdyrmakda öňdebaryjylaryň hatarynda saýlandy. Meselem geçen ýyl Pekinde 5G stansiýalarynyň 30 müňi guruldy.

Türkmenistanyň “Elektron hökümet” ulgamyna X-Road arhitekturasyny ornaşdyrylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundyny görkezmek bolar.

“Ga­laxy S24” tanyşdyryldy

“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy “Ga­laxy S24” se­ri­ýa­sy­na de­giş­li smart­fon­la­ry ta­nyş­dyr­dy. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy “Go­og­le” bi­len bi­le­lik­de “Ge­mi­ni” at­ly eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny te­le­fo­na or­naş­dyr­dy. Şeý­le­lik­de ko­reý bren­di “Ga­laxy AI” at­ly eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny smart­fo­ny or­naş­dy­ryp, bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji bol­dy. ABŞ-nyň Ka­li­for­niya şta­tyn­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da “Ga­laxy S24” mo­de­li­niň je­mi üç nus­ga­sy gör­ke­zil­di. Üç mo­de­liň äh­li­sin­de or­naş­dy­ry­lan “Ga­laxy AI” at­ly eme­li aň mo­de­li­niň di­le dü­şün­mek, ter­ji­me et­mek, su­rat dö­ret­mek we kod­la­mak ýa­ly “dö­re­di­ji­lik uky­by” bar.

Türkiýeli astronawt kosmos giňişligine çykdy

ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasyna degişli kosmos gämisi Florida ştatyndaky NASA edarasynyň Kennedi kosmos merkezinden kosmos giňişligine uçuryldy. Bu kosmos gämisinde Türkiýe Respublikasynyň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bar. “SpaceX” kompaniýasynyň resmi saýtynda “Ax-3” kosmos missiýasynyň älem giňişligine ugraýan pursatlary 1,3 million adam tarapyndan tomaşa edildi.

«Google» Günorta Amerikany Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti bilen birleşdirjek suwasty internet kabelini çeker

Bu ugur geograf Aleksandr fon Gumboldtyň hormatyna «Humboldt» diýlip atlandyryldy. Çilini, Fransuz Polineziýasyny we Awstraliýany Ýuwaş ummanyň üsti bilen göni baglanyşdyrjak optiki süýümli aragatnaşyk Çili hökümetiniň öňden bäri ýetmek isleýän maksadydy.

2023-nji ýyldaky satuwy 2022-nji ýyldaky ýaly boldy

«Mersedes-Benz AG» 2023-nji ýylda 2,043,8 müň awtoulagyny satdy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldaky (2,040,7 müň awtoulag) görkezijä golaýdyr. Ýewropada 659,4 müň awtoulag (7 göterim ösüş), şol sanda Germaniýada 234,3 müň awtoulag (9 göterim ösüş) satyldy. Aziýada satuwlar 963,8 müň bolup, 2 göterim peseldi, şol sanda Hytaýda 737,2 müň satylyp, 2 göterim peseldi. Demirgazyk Amerikada awtoulag satuwy 1 göterim, 339,5 müňe, dünýäniň galan böleginde — 9 göterim azaldy we 81,1 müňe ýetdi

«Apple» ilkinji gezek «Samsung»-dan öňe geçdi

IDC analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, «Apple» taryhda ilkinji gezek smartfon satmakda dünýäde birinji orny eýeläp, «Samsung»-dan öňe geçdi. 2023-nji ýylda «Apple» 234,6 million iPhone satdy. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 3,7 göterim köpdür. Bu döwürde «Samsung» 226,6 million smartfon satmagyň hötdesinden geldi. «Xiaomi» bolsa 145,9 million smartfon bilen ilkinji üçlügi jemledi. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylda jemi 1,16 milliard smartfon müşderilere ýetirildi. Bu bolsa geçen ýyldakydan 3,2 göterim azdyr. Analitikler 2024-nji ýylda smartfon satuwynyň geçen ýyldakydan has ýokary boljakdygyna ynanýarlar.

Pekiniň awtobuslary ýolyşyklaryň tolkunlaryny awtomatiki usulda üýtgetmegi öwrendiler

Ýakynda Pekin jemgyýetçilik ulaglarynda möhüm sürüji synag maksatnamasyna başlady. Bu synaga bäş ýoldaky awtobus ugurlarynyň 10-sy gatnaşar. «Akylly» tolkunlar umumy ulag ýagdaýyna täsir etmezden, çatryklardaky  awtobuslara ähmiýet berer. Ulgam jemgyýetçilik ulaglarynyň ýerleşýän ýeri hakyndaky maglumatlary öz hakyky wagtynda alar we çatryklardan awtobuslaryň geliş wagtyny çaklap biler. Zerurlyk ýüze çyksa köpçülikleýin ulag duralgalarynyň sanyny azaltmak üçin ýolyşyklaryň ýaşyl duýduryş wagtyny artdyrar.

Koreý ilçisi Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp gördi

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek 12-nji ýanwarda Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp, ol ýerde mümkinçiligi çäkli adamlary we pensiýa ýaşyndakylary öz içine alýan bilim maksatnamalary bilen tanyşdy, şeýle-de merkezde ulanylýan okatmagyň usullary barada aýdyň düşünje almak üçin koreý dilini öwrenmek boýunça açyk sapaga gatnaşdy. Ilçiniň merkeziň wekilleri bilen geçiren özara pikir alyşmasynyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada durlup geçilip, bu ýyl beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ömrüne hem-de edebi mirasyna bagyşlanan milli we halkara derejesindäki dürli çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.