Möhüm talaplardan ugur alyp

24 Ýanwar 2024
632

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, innowasiýa häsiýetli önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny döretmäge uly ähmiýet berilýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň sanlylaşdyrylmagy, öýlerde, edara-kärhanalarda, söwda merkezlerinde, bilim ojaklarynda, myhmanhanalarda Wi-Fi tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy oňyn netijelerini berýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada berlen hasabatda aýdylyp geçildi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary artdyrmaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen «Duralga» atly mobil goşundyny görkezmek bolar. Şeýle-de milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň önümçilik binýadynda täze «Belet Video» hyzmatynyň işe girizilmegi arkaly biz ylmy-okuw materiallary, gündelik habarlar bilen yzygiderli tanyşmaga, dokumentaldyr çeper filmleri görmäge giň mümkinçilik tapýarys.

Azatnepes ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.