Döwrebap hyzmatlar, köpugurly mümkinçilikler

29 Ýanwar 2024
486

20-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Şunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hususy kärhanalar, paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan ilatymyza hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlara aýratyn orun degişlidir.

Biz hem okyjylarymyzy ulanyjylaryň gündelik durmuşdaky işlerini ýeňilleşdirmäge ýardam edýän täze hyzmatlaryň, ykjam mobil goşundylaryň, programma üpjünçilikleriniň käbir görnüşleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».