Pekin sanly ykdysadyýet ulgamynda nusgalyk bolmaga çalyşýar

23 Ýanwar 2024
405

Pekin ösen önümçilik, dolandyryş ulgamy bolan, sanly ykdysadyýet babatda dünýä derejesindäki nusgalyk şäher bolmagy maksat edinýär. Bu barada 16-njy Pekin şäher halk kongressiniň ikinji mejlisinde Pekiniň meri In Ýun aýtdy.

Soňky ýyllarda Hytaýyň paýtagty täze tehnologiýalary infrastruktura ornaşdyrmakda öňdebaryjylaryň hatarynda saýlandy. Meselem geçen ýyl Pekinde 5G stansiýalarynyň 30 müňi guruldy.