Koreý ilçisi Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp gördi

18 Ýanwar 2024
634

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek 12-nji ýanwarda Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp, ol ýerde mümkinçiligi çäkli adamlary we pensiýa ýaşyndakylary öz içine alýan bilim maksatnamalary bilen tanyşdy, şeýle-de merkezde ulanylýan okatmagyň usullary barada aýdyň düşünje almak üçin koreý dilini öwrenmek boýunça açyk sapaga gatnaşdy.

Ilçiniň merkeziň wekilleri bilen geçiren özara pikir alyşmasynyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada durlup geçilip, bu ýyl beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ömrüne hem-de edebi mirasyna bagyşlanan milli we halkara derejesindäki dürli çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.