«Apple» ilkinji gezek «Samsung»-dan öňe geçdi

21 Ýanwar 2024
449

IDC analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, «Apple» taryhda ilkinji gezek smartfon satmakda dünýäde birinji orny eýeläp, «Samsung»-dan öňe geçdi. 2023-nji ýylda «Apple» 234,6 million iPhone satdy. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 3,7 göterim köpdür. Bu döwürde «Samsung» 226,6 million smartfon satmagyň hötdesinden geldi. «Xiaomi» bolsa 145,9 million smartfon bilen ilkinji üçlügi jemledi.

Umuman alanyňda, 2023-nji ýylda jemi 1,16 milliard smartfon müşderilere ýetirildi. Bu bolsa geçen ýyldakydan 3,2 göterim azdyr. Analitikler 2024-nji ýylda smartfon satuwynyň geçen ýyldakydan has ýokary boljakdygyna ynanýarlar.