ŞADYÝAN KÖRPELER BÄSLEŞDILER

31 Mart 2023
686

Iň eýjejik gyzjagaz — 2023

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar.  Ýürekleri buýsançdan, söýgüden pürepür zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly, döredijilik bäsleşikleriniň biri hem, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2–4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigidir.

Gurbannazar ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar