TALYP GÖZELI — 2023

31 Mart 2023
923

Her ýyl däp bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli, Nebit-gaz medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen ajaýyp sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigini yglan etdi.

Mahym SELIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar