«Täç hil» — hiliň kämilligi

27 Aprel 2022
1340

Ýurdumyzyň iri pudaklarynyň biri bolan ykdysadyýet toplumy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň aýdyň ösüşli geljegine tarap uly ädimler bilen öňe barýar. Eýsem-de, «Ýurduň ösüşi nämelere baglyka?» diýen sowala ýeke sözde: «Ykdysadyýet» diýäýmek galýar. Sebäbi her bir ýurduň ösüş derejesi onuň ykdysadyýetine bagly bolmak bilen bir hatarda, ol özüne ýekänme-ýekän beýleki ulgamlary-da çekýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň ösüşli menzillerini barha artdyryp, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek ugrunda eýýäm ençeme ägirt uly işler bitirildi. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergi hem ýene bir gezek subut etdi.

Eýsem, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda haýsy işler amala aşyryldy diýen sowala kiçi bolmadyk şeýleräk bir jogap bilen ýüzlensek, onda örän ýerlikli bolar. Geljegimiziň uly ösüşlerini nazarlap, kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem bellenilişi ýaly, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine öň hem bolşy ýaly, mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldaw bermegi ýola goýmak baradaky kabul edilen çözgütler milli ykdysadyýetimizde hususyýetçiligi ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge, döwlet tarapyndan hususyýetçilere täze bazarlary gözlemekde goldaw bermäge, olara ýurdumyz boýunça öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmagy amala aşyrmaga ýardam berer. Döwlete dahylly bolmadyk eýeçiligiň — hususy telekeçiligiň döwletiň ykdysadyýetini ösdürmekdäki paýy diňe bir ýurdumyzda ýokary baha eýe bolman, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem olara aýratyn orun berilýär. Hut şeýle bolansoň, biz hem gazetimiziň şu sanynda şol sergide täsir galdyran, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşup gelýän, ýurdumyzyň hususyýetçileriniň arasynda adygan «Täç hil» hususy kärhananyň işi barasynda okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».
Beýleki habarlar