Ilatyň baýramçylyk saçagyna

25 Dekabr 2021
1297

Rysgal-berekede beslenip gelýän Täze ýylda ildeşlerimiz saçagyny nämeler bilen bezär? Dogrusy, saçaklarymyzy bezeýän önümleriň, tagamlaryň ählisiniň diýen ýaly hut öz topragymyzda önýän önümlerdigi bizi diýseň begendirýär. Şol önümleriň arasynda owadan, gelşikli gaplara gaplanan we «Garaja» lezzetiň dermandyr jana» — diýen ýarlyk bilen bezelen şerbetleriň, mürepbeleriň, gaplanan önümleriň ornunyň aýratynlygy ünsümizi çekdi. Kärhana bilen tanyşlygymyz onuň iş dolandyryjysy Kemal Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlikden başlandy.

— Biziň miwe we gök önümlerini gaplaýan kärhanamyz 2018-nji ýylda işe başlady. Her ýylda bir million şertli banka önüm öndürmäge mümkinçiligi bolan kärhananyň döwrebap enjamlary Türkiýeden getirildi. Ýörite kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýan toplumda şu güne çenli 335 müň banka şerbet, 40 müň banka mürepbe gaplap, ilata ýetirdik — diýip, tejribeli telekeçi gürrüň berýär. — Bu ýerde daýhan birleşiklerinden satyn alynýan miwe we gök önümler 20-ä golaý hünärmeniň tagallasy bilen ýokary hilde gaplanyp, dessine ammarlara geçirilýär. Olar mazaly özleşenden soňra söwda nokatlaryna ugradylýar. Önümler jemi 18 görnüşden ybarat. Olaryň 7 görnüşi mürepbe, ýene 7-si şerbet, 4 görnüşi hem duzlanan hyýar, kelem, pomidor ýaly önümlerden ybarat. Kärhananyň beýleki welaýatlarda-da söwda dükanlary bar. Elbetde, harydyň geçginli bolmagy üçin onuň hili-de, görnüşi-de özüne çekiji bolmaly.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar