Dostlugyň mekany

22 Dekabr 2021
1464

Kosmonawtlar älem giňişliginden Ýer ýüzüne seredenlerinde onuň örän özboluşly görnüşdedigini nygtaýarlar. Goja heňňamyň özi kimin goja Zemin külli adamzadyň umumy öýi. Şol öýüň abadanlygyny saklamak, asudalygyny üpjün etmek bolsa biziň hemmämize bagly. Zemindäki ähli zatlar biri-biri bilen berk baglanyşykly, özara sazlaşykda. Öz maşgalaňda parahat durmuşyň höküm sürmegine, abadan ýaşaýşyň bolmagyna duldegşir goňşyň hem täsiri uly. Şonuň üçin-de pederlerimiziň: «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen paýhasly pähimi asyrlar aşyp, biziň neslimize gelip ýetipdir. Türkmenistan bolsa bu günki gün parahatçylyk ýoly bilen öňe gidip, barha belent sepgitlere ýetmek bilen birlikde bütin dünýäde hem parahat, asuda durmuşyň höküm sürýän döwleti hökmünde özüni tanatdy. Mundan 26 ýyl ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde dünýäniň iň bir abraýly halkara guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Kararnamanyň kabul edilmegi türkmeniň täze taryhyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Şeýle ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi türkmeniň ynsanperwerliginiň, hoşniýetliliginiň dünýä ýaýylmasy boldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, ähli ýurtlar bilen deňhukukly, ylalaşykly, dostana gatnaşyk edip ýaşamaga çalyşýandygynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Türkmen Bitaraplygy hakynda hormatly Prezidentimiz: «Döwletimiziň Bitaraplygy milli ýörelgelerimizden gözbaş alyp, ähli halklaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan özboluşly ýagdaýdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir» diýip, örän jaýdar belleýär.

Aslynda, hoşniýetlilik, açyk ýüreklilik, goňşa hormat goýmak, ile ýagşylyk etmek, myhmana güler ýüzlülik türkmene tüýs muwapyk häsiýetler. Gadymdan bize gelip ýeten edebi gymmatlyklarymyza ser salyp gören islendik kişi türkmeniň şeýle asylly häsiýetlerine aýdyň göz ýetirip bilýändir. Gorkut ata «Gonagy gelmeýen gara öýler ýykylsa ýeg» diýip, boý boýlaýandyr. Beg Göroglynyň goly dutarly, baran ýeri alaýazdyr. Baýram han: «Kimdir birini ýeňmekden onuň bilen ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak has güýçli sungatdyr» diýip ündeýändir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

Sol­tan­ýaz ŞA­ÝY­MOW,
«Ga­ra­gum».
Beýleki habarlar