Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-12-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

6 Sentýabr 2021
1461

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +35...+37o aralygynda yssy bolar.

Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+21o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33o-dan +34...+36o aralygynda maýyl bolar.

Beýleki habarlar